Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentiniň diwanynyň başlygy Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy


Mahmud Waezi
Mahmud Waezi

12-nji sentýabrda Eýranyň prezidentiniň diwanynyň başlygy, hem-de iş dolandyryjysy Mahmud Waezi Aşgabada sapar edip türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty taraplaryň duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy, sebitde ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegi, Hazar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, hem-de ýangyç-energetika toplumynyň gelejegini maslahat edendigini umumy sözler bilen habar berýär.

Eýranyň Mehr habar agentligi Waeziniň maslahatda sebitde asudalygy saklamagyň ähmiýetini nygtandygyny, hem-de taraplaryň terrorçylyga garşy göreşi, iki ýurduň arasyndaky söwda, transport we üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Eýranyň metbugaty duşuşygyň dowamynda türkmen prezidentiniň ykdysadyýet, medeniýet, söwda we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda taraplary has ýakyn hyzmatdaşlyga çagyrandygyny habar berýär.

Iki ýurduň metbugat serişdelerinde taraplaryň energetika boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandygy aýdylsa-da, aýdylýan hyzmatdaşlygyň jikme-jikligi, şeýle-de iki ýurduň arasynda dowam edýän gaz dawasy barada gürrüň gozgalmaýar.

Ýatlasak, Türkmengazyň resmileri Eýran bilen aradaky gaz dawada ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesiz bolandygyny aýdyp, awgustyň ortasynda bu mesele boýunça Eýranyň Milli gaz kompaniýasyny Halkara arbitraž suduna berdi.

Şondan sanlyja gün geçenden soň, Eýran Türkmenistana gaýtawul berip, “Türkmengazyň” işini halkara kazyýete geçirdi.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny bes edenden soň, iki ýurduň arasyndaky energiýa gatnaşyklary gowşady; Aşgabat Tährandan 1.8 milliard dollarlyk “algysyny” sorady, öz gezeginde Eýran üç mesele boýunça, ýagny “gazyň bahasy”, “gazyň gyşda birden kesilmegi bilen onuň Eýrana ýetiren zyýany” we “türkmen gazynyň hili” boýunça Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy. “Türkmengazyň” suda ýüz tutan arzasynda anyk haýsy meselelerden şikaýat edendigi jemgyýetçilige nämälimliginde galýar.

Galyberse-de “Mehr” habar agentliginiň ýazmagyna görä, dört gün mundan ozal, 9-njy sentýabrda Eýranyň parlamentiniň agzasy Heşmatolla Falahatpişeh Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyldan-ýyla barha gowşamagynyň Eýran üçin “gowgaly meseledigini” tassyklady. Ol ýurduň hususyýetçileri bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda, bu mesele bilen bagly taraplaryň ikisiniň-de “günäkärdigini” belläpdir.

Beýleki bir tarapdan, resmi habarlardan mälim bolşuna görä, iki ýurduň resmileri soňky iki ýylyň dowamynda birnäçe gezek duşuşyp, syýasy geňeşmeleri geçirdiler.

Mart aýynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Aşgabada resmi sapary amala aşyrdy. Onuň yzýany maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Eýrana iki günlük sapar etdi. Saparyň dowamynda taraplaryň dürli ugurlar boýunça maslahat geçirendigini, hem-de birnäçe ylalaşyga gol çekendiklerini metbugat serişdeleri habar berdi.

Şonda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň prezidentiniň diwanynyň baş dolandyryjysy Mahmud Waezi bilen hem duşuşdy. Waezi iki ýurduň arasynda bank ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edipdi.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, soňky ýyllarda Eýran bilen Türkmenistan ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýär, iki ýurduň milli pullary degişlilikde öz hümmetini ýitirip gelýär, geçen ýedi aýyň dowamynda wagtal-wagtal Eýranyň dürli şäherlerinde ykdysady kynçylyklar bilen bagly köçe protestleri ýüze çykdy.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary resmi derejede tassyklamaýar.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan döwletiniň arasynda 1992-nji ýylyň fewral aýynda diplomatiki gatnaşyklar ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG