Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda söwdegärler ýerli firmalaryň zaýa harytlaryny satmaga mejbur edilýär


Aşgabadyň bazarlarynda satylýan banan we mandarin ýaly azyk önümleri

Aşgabadyň bazarlarynda söwdegärler Türkmenistanyň ýerli firmalary tarapyndan öndürilen zaýa harytlary satmaga mejbur edilýär. Söwdegärler özlerine täze harytlary satmaga rugsat berilmeýändigi sebäpli maddy zyýan çekýändiklerini aýdýarlar.

“Bize Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza ýa-da Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli firmalaryň möhleti geçen harytlaryny satdyrýarlar. Öz getirýän täze harytlarymyzy satsak, onda bazardaky ýerimiziň elimizden alynjakdygyny duýdurýarlar. Hatda birnäçe söwdegäri “talaba boýun bolaňok, düzgüni bozýarsyň” diýip, bazardan kowdular” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly söwdegärleriň biri aýtdy.

Paýtagtyň “Älemgoşar” bazaryndaky söwdegäriň sözlerine görä, olar häzir zyýan çekip diýen ýaly işleýärler, ýöne özleriniň bazardaky söwda tekjelerini ýitirmejek bolup, bu ýagdaýa çydaýarlar.

“Häzirki wagt bazar tekjelerimiziň arka tarapyndaky ýokary hilli harytlarymyzy satyp, belli bir derejede bolsa-da gazanç etmäge synanyşýarys” diýip, söwdegär belledi.

Bazarlardaky zaýa harytlaryň arasynda 1 kilogramy 6-8 manatdan satylýan ownuk almalar, 6-8 manatdan satylýan pomidorlar, 8-10 manatdan satylýan kartoşkalar, 6 manatdan satylýan bananlar we 9-10 manatdan satylýan armytlar ýaly azyk önümleri bar. Ýöne habarçy olaryň 20-den biriniň abatdygyny aýdyp, “olary satyn alar ýaly däl” diýýär.

“Bu harytlaryň “Daşy jäjek, içi möjek” diýilýär. Sebäbi, mysal üçin, banany daşyndan göräýmäge gül ýaly, ýöne onuň gabyny aýyrsaň, içi edil kömür çalynan ýaly hüýt gara. Kartoşkanyň gabygy tüýdülip dur. Armytlar, pomidorlar gap-gara, eräp akyp barýar. Alyjylaryň käbiri alar-a zat tapman yzyna gidýär. Käbiri harytlaryň arasyndan saýlap, ýek-tük satyn alýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Aşgabadyň “Älemgoşar” bazar administrasiýasynyň iki işgäri “möhleti geçen harytlaryň satylmagyna özleriniň etjek alajynyň ýokdugyny, sebäbi munuň ýokardan berlen görkezmedigini” aýtmak bilen çäklenýärler.

Söwdegärlere mejbury satdyrylýan bu azyk harytlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza bolup durýan ýerli firmalaryň ýyladyşhanalarda ýa-da özlerine bölünip berlen ekin meýdanlarynda ýetişdiren gök-bakja önümleridir.

Azatlygyň habarçylary bu azyk önümleriniň ilkinji gezek Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda – Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygy döredilen mahaly – satuwa çykarylandygyny aýdýarlar.

“Şonda bu harytlara ilat tarapyndan belli bir derejede gyzyklanma döredi. Sebäbi onuň bahasy hem daşary ýurtlardan getirilen ýa-da beýleki ýerli şahsy hojalyklarda ýetişdirilen ýokary hilli önümleriň bahasyndan arzandy. Ýöne soňra onuň hilini we tagamyny dadan alyjylar, ondan ýüz öwrüp başladylar. Bu harytlar başda satuwa çykarylanda-da, uçdantutma ter däldi” diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli söwdegärleriň we synçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bazarlarda zaýa harytlaryň satuwy bilen bagly bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza ýa-da Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli firmalaryň köpräk girdeji gazanmagy hatyrasyna amal edilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi döwlete hasabat berende, özleriniň ýetişdiren we satan harytlarynyň köp bolandygy barada galp maglumat berip, hökümet ýolbaşçylarynyň öňünde “dil uzyn” bolmaklary üçin edilýär.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary ýokarda gürrüňi edilýän birleşige ýa-da ministrlige tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Azatlygyň habarçysy soňky bir aýa golaý wagt bäri Aşgabadyň bazarlarynyň tas ählisinde daşary ýurtlarda öndürilen bananlaryň satylmaýandygyny hem aýtdy. Söwdegärler olaryň daşary ýurtdan getirilmeýändigini belleýärler.

Şeýle-de, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, bazarlaryň tekjeleri dürli naz-nygmatlar, azyk önümleri bilen dolan bolsa, häzirki wagt şol harytlar hem azaldy. Bu harytlaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, Russiýada öndürilen 1 litri 13 manada barabar bolan günebakar ýagy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda öndürilen tüwi önümleri bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG