Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäsi geçilen öňki tussag bir ýarym ýyl bäri işe ýerleşip bilmeýändigini aýdýar


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Mundan bir ýarym ýyl çemesi ozal ýurtda geçirilen günä geçişlik çäresi esasynda tussaglykdan boşadylan Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň ýaşaýjysy işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan 1977-nji ýylda doglan lebaply ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ol 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Lebaply ýaşaýjy öz tussaglyk möhletiniň 1 ýyl 8 aýyny berjaý edensoň, 2017-nji ýylda geçirilen günä geçişlikde azatlyga goýberilýär.

Azatlyk Radiosynda amnistiýa düşen lebaply ýaşaýjynyň şahsyýeti barada doly maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

“Men indi bir ýarym ýyla golaý wagt bäri iş gözleýärin. Men iş tapmaga kömek etmegi sorap, ilki öz daýhan birleşigimiziň resmilerine, soňra etrap häkimligine ýüzlendim. Ondan soň hem etrabyň zähmet biržasyna bardym. Olaryň ählisi hem “Iş bolsa, saňa habar bereris” diýýärler. Ýöne aradan ýyl gowrak wagt geçse-de, hiç hili iş hem ýok, habar hem ýok” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt ol daýhan birleşiklerindäki kärende ýerleriň gyralaryny arassalap, günde 15-20 manat gazanýar. “Bu gazanýan pulum çagalaryma çörek hem-de çaý, käte gyzgyn nahar bermäge ýetýär, başga zada ýetmeýär” diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Galyberse-de, ol özüniň tussaglyk möhletiniň belli bir bölegini berjaý edip, galan böleginiň hem günäsiniň geçilendigine garamazdan, öňki tussagdygy sebäpli käbir döwlet edaralarynyň ýa-da hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň özüni işe almakdan ýüz öwürendigini hem aýdýar.

“Men Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň etrapdaky edarasyna bardym. Ol ýerde köçe süpüriji bolup işe ýerleşmäge synanyşdym. Olar ilki meniň ýaşaýan ýerimden resminama getirmegi soradylar. Ony eltenimden soňra "Ýaşaýan ýeriňiziň polisiýa bölüminden resminama getiriň" diýdiler. Şondan soňra “Siz sud edilipsiňiz. Häzirlikçe bizde size iş ýok” diýip, yzyma ugratdylar. Başga-da birnäçe ýere işe girjek bolanymda şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirdim” diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Mundanam başga, ol 2017-nji ýylda amnistiýa düşüp öýüne dolananda, etrapda günäsi geçilen adamlar bilen ýörite duşuşyk geçirilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şonda etrap boýunça günäsi geçilen adamlaryň sany 35-e barabardy.

“Häzirki wagt işsizlikden kösenýän diňe men däl. Şol 30-dan gowrak öňki tussagyň ählisi işe ýerleşmek meselesinde kynçylyk çekýär. Olaryň käbiri öz atyzynda eken gök-bakja önümlerini satyp, käbirleri mal saklap, käbiri günlükçilik edip güzeran aýlaýar” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklara gabatlap, iş kesilen türkmenistanlylaryň günäsini geçmek çäresini yglan edýär. Şol günä geçişlerde döwlet baştutany welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlaryň käbirleri özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti iň soňky gezek geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilen türkmenistanlylaryň 796-synyň günäsini geçdi. Geçen ýylyň dowamynda ýurtda iş kesilen türkmenistanlylaryň günäsini geçmek çäresi dört gezek yglan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG