Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda Internetden VPN gözleýänleriň sany bir hepdäniň dowamynda 577 % artdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häkimiýetleriň VPN tilsimlerine garşy girizen çäklendirmeleri öz güýjünde galýar.

“Hemmeler telefonlarda VPN tilsimleriniň petiklenmeginden şikaýat edýär. Ozallar käbir VPN tilsimleri adaty işlärdi. Olary aýlyk 10 dollara satyn alyp bolardy. Ýöne indi welin hatda Google Play hem petikli” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 30-njy ýanwarda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, ozallar telefon ussalary isleg bildirýän ýaşaýjylaryň telefonlaryna VPN gurnap berýärdi, ýöne indi olar hem şeýle hyzmatlary hödürlemegi bes etdiler.

Türkmenistanda raýatlaryň erkin Internet ulanmak mümkinçiliklerine girizilýän çäklendirmeler ulanyjylary bu ýagdaýdan çykalga gözlemäge iterýär.

Vpncompare” neşiriniň maglumatyna görä, 15 – 21-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda Internetden VPN tilsimlerini gözleýänleriň sany 577 % artdy.

Ýatlasak, 17-nji ýanwardan başlap türkmen häkimiýetleri ýurtda VPN tilsimleriniň işini güýçli depginde baglap başlapdy. Bu barada Azatlyk Radiosy bir hepde gowrak wagt mundan ozal maglumat çap etdi.

Galyberse-de, tutuş dekabr aýynyň dowamynda ýurduň çäginde Internetiň tizligi juda pes boldy. Şonda VPN ulanyjylarynyň zerur tilsimlerden peýdalanmak mümkinçilikleri bökdeldi.

“Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň ýagdaýy gaty ýaramaz. VPN hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin däl” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 4-nji ýanwarda habar beripdi.

Britan neşiri Türkmenistanda VPN tilsimleriniň çäklendirilmegi bilen bagly, 22-nji ýanwarda çap eden maglumatynda ýurtda Google Playiň petiklenmegi bilen VPN gözleýänleriň sanynyň juda artandygyny habar berýär.

“2019-njy ýylyň 15-nji ýanwar – 21-nji ýanwar aralygynda Türkmenistandan biziň saýtymyza girenleriň sany ondan ozalky hepde bilen deňeşdireniňde 577 % ýokarlandy” diýip, VPN tilsimleri barada maglumat çap edýän Vpncompare neşiri ýazýar.

Maglumatda Türkmenistanda Facebook, Twitter, VKontakte we Odnoklassniki ýaly sosial saýtlaryň petikli saklanýandygyna ünsi çekilýär.

“Ýöne, düşbi türkmen ulanyjylary VPN hyzmatlardan peýdalanmak arkaly şeýle çäklendirmeleri böwsüp geçmegiň hötdesinden gelip bilýärdi” diýip, neşir ýazýar.

Neşir Türkmenistandaky VPN çäklendirmeleriniň golaýda Aşgabada golaýlan güýçli şemal ýa-da türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk şertleri bilen ilteşikli bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

Türkmenistanda diňe bir sosial torlar däl eýsem hat alyşmak üçin ulanylýan WhatsApp, Telegram ýaly messenjerler hem petikli saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň we Türkmenistan barada obýektiw habarlary çap edýän beýleki garaşsyz neşirleriň websaýtlary ýurt içinde petikli bolmagynda galýar.

Türkmen resmileri ýurtda Internete girizilýän çäklendirmeleri ret edýär.

Dünýäde söz-beýan azatlygynyň ýagdaýyny synlaýan Freedom House, Human Rights Watch ýaly hukuk goraýjy toparlar özleriniň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistanda Internetiň ýiti çäklendirilmegini tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Bular Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG