Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky bir aý bäri Türkmenistanda Internetiň tizligi juda pes


Balkanabat şäherinde ýerleşýän Internet kafe. Arhiwden alnan surat.
Balkanabat şäherinde ýerleşýän Internet kafe. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanda soňky bir aý bäri Internetiň tizligi peselýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 4-nji ýanwarda habar berdi.

“Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri Internet aragatnaşygynyň ýagdaýy gaty ýaramaz. VPN hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin däl” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

“Meniň hem “Altyn Asyrdan” hem AŞTU-dan (Aşgabat şäher telefon ulgamy) alan internet paketlerim bar, olaryň her haýsysynyň tölegi 350 manat, tizligi 2 mb/s. Bu iň ýokary tizlik hasaplanýar. Ýöne muňa garamazdan, elektron hatlar zordan açylýar. Beýleki internet paketleriň tizligi has ýuwaş” diýip, aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Internetiň ýaramaz tizliginde hödürlenýän internet hyzmatlaryna aýda 350 manat tölemek ýerliksiz hasaplanýar.

Türkmenistanyň Internet üpjünçiligini "Türkmen Telekom" kompaniýasy amala aşyrýar.

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) kompaniýasynyň websaýtyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanda 2 mb/s tizlikli internetiň aýlyk tölegi öý üçin 350 manat, edara kärhanalar üçin aýlyk 1700 manat, bilim edaralary üçin 1000 manat, döwlete degişli daşary ýurt edaralary üçin 1754 dollar bolup durýar.

Habarçy paýtagtyň Internet üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlary anyklaşdyrmak üçin, Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň wekili bilen gürrüňdeş boldy.

“Ol ýagdaýlaryň gowulaşmajakdygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý ilatyň döwlete dahylsyz çeşmelerden maglumat edinmek mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin ýörite edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

“Aşgabatda ýagdaýlar şeýle, regionlardaky ýagdaýlary göz öňüne-de getirmek kyn” diýip, habarçy belledi.

“Mobil Internet 2G görkezýär, onuň tizligi örän ýuwaş” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň sözlerine görä, ýurtda ýagdaýlar günde-günaşa ýaramazlaşýar, adamlar ynamdar çeşmelerden maglumat aljak bolýar; internet aragatnaşygynyň ejizledilmegi adamlaryň VPN ulgamlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirýär.

Beýleki tarapdan, 3-nji ýanwarda hökümete ýakyn “Media Türkmen” habar agentligi Türkmenistanda Internet mümkinçilikleriniň ilata has-da elýeterli edilýändigini öňe sürüp, maglumat çap etdi.

Maglumatda aýdylmagyna görä, soňky alty ýylyň dowamynda Türkmenistanda internet tölegleri alty esse arzanlady.

Ulanyjylaryň arasynda giňden ulanylýan 256 kb/s tizlikli internetiň tölegi 2012-nji ýylda aýlyk 2.430 manatdy. Bu günki gün bu tarifiň bahasy şäher ýerlerde aýlyk 150 manat, oba ýerlerinde 75 manat” diýip, neşir ýazýar.

“Tizligi 2 mb/s çäksiz internetiň tölegi 2012-nji ýylda 19.440 manat bolan bolsa, häzirki wagtda munuň aýlyk tölegi 350 manat” diýip, “Media Türkmen” neşiri Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryny tassyklaýar.

Ýöne neşir öz maglumatynda ýurtda Internetiň tizliginiň çäklendirilmegi barada gürrüň gozgamaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ýurt içinde we ýurduň daşynda ýaşaýan ençeme türkmenistanlylaryň sözlerine salgylanyp, ýurta Internet giňişliginiň ýiti çäklendirilýändigini yzygiderli nygtap gelýär.

26-njy dekabrda Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan Türkiýedäki türkmenistanly student Türkmenistanda Internet giňişliginiň çäklendirilýändigini, şol sebäpden dürli mesenjerleriň, şol sanda WhatsApp, Telegram ýaly birek-birek bilen habarlaşmakda ulanylýan tilsimleriň petikli saklanýandygyny habar berdi.

Ol bu ýagdaýy häkimiýetleriň ilatyň ygtybarly garaşsyz çeşmelerden maglumat almak mümkinçiligini çäklendirmek ugrunda edýän tagallalary hökmünde häsiýetlendirdi.

27-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Azatlygyň beýleki bir paýtagtly habarçysy ýurtda häkimiýetleriň garaşsyz habar serişdeleriniň internet saýtlaryny petikli saklaýandygyny tassyklap, ilatyň maglumat elýeterliliginiň göz astynda saklanýandygyna ünsi çekdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda Internet giňişliginiň çäklendirilmegini yzygiderli tankyt edip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýy tassyklamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG