Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident saýlawlary üçin 83 dalaşgäriň arza tabşyrandygyny aýtdy


Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko ýene bäş ýyl möhlet bilen özüniň ikinji gezek prezidentlige dalaş edýändigini 29-njy ýanwarda yglan etdi.

Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurtda 31-nji martda geçiriljek prezident saýlawlary üçin hasaba alyş resminamalary kabul etmek prosesiniň tamamlandygyny aýdyp, oňa 83 dalaşgäriň öz adyny teklip edendigini mälim etdi.

Komissiýa özüniň 4-nji fewralda beren maglumatynda 28 dalaşgäriň arzasynyň kabul edilendigini, 22 sanysynyň ret edilendigini we başga-da 33 kandidatyň arzasynyň açyk galdyrylandygyny belledi.

Komissiýa hasaba alnan dalaşgärleriň sanawyny 9-njy fewrala çenli resmi taýdan yglan etmeli.

Soňky sorag-jogaplaryň netijelerine görä, häzirki prezident Petro Poroşenko, öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenko we wäşi Wolodymyr Zelenskiý iň köp halanýan dalaşgärler ýaly bolup görünýär.

53 ýaşyndaky Poroşenko ýene bäş ýyl möhlet bilen özüniň ikinji gezek prezidentlige dalaş edýändigini 29-njy ýanwarda yglan etdi we ýurduň Ýewropa Bileleşigine hem-de NATO agza bolmagy dogrusynda agzalýan birleşiklere basyş etmegi wada berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG