Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talybanyň’ wekilleri we owgan delegasiýasy ‘owganara’ gepleşikleriň Katarda dowam etjekdigini aýdýar


Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý

“Talybanyň” wekilleri we öňki prezident Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky owgan delegasiýasy Russiýada geçiren iki günlük gepleşiklerinden soňra, özleriniň “owganara” dialoglaryny "mümkin boldugyndan çalt" Katarda dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky 40-dan gowrak owgan syýasatçysy 5-6-njy fewralda Moskwada iki günlük gepleşikleri geçirdiler. Bu gepleşiklere Kabulyň häzirki hökümetiniň wekilleri gatnaşmady.

Owganystanyň “Tolo News” neşiriniň maglumatyna görä, gepleşiklere gatnaşan iki tarapyň bilelikde ýaýradan beýanatynda olaryň Kataryň paýtagty Dohada gaýtadan duşuşmak barada ylalaşandygy aýdylýar. Bu ýurtda “Talybanyň” ýarym-resmi edarasy ýerleşýär.

Bu gepleşikler häzirki owgan prezidenti Aşraf Ganiniň hökümeti tarapyndan tankyt edildi.

Russiýanyň hökümeti bu duşuşygy guramalaşdyrmagy ret etdi. Bu gepleşikler düýbi Moskwada ýerleşýän owgan diasporasynyň liderleri tarapyndan geçirilýär.

Muňa garamazdan, Kremliň razylygy bolmazdan, şular ýaly ýokary derejeli duşuşygyň Moskwada geçirilmegine rugsat berilmegi mümkin däl ýaly bolup görünýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG