Hassahanadaky maýyp gyzyny, agyr ýagdaýda bolmasa, görmäge rugsat edilmeýän aktiwist enä raýadaşlyk üçin, Orsýetiň birnäçe şäherinde protest ýörişleri gurnaldy.
10-njy fewralda Moskwada ygtyýar berilmedik “Enelik gahary ýörişine” ýüzlerçe adam toplandy we olar “Syýasy tussaglara azatlyk” diýen şygara gygyrdylar.
Protest ýörişleri Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Ýaroslawl, Orýol, Kazan, Mahaçgala, Kirow we Don boýundaky Rostow şäherlerinde hem gurnaldy.
Moskwadaky ýöriş wagtynda protestçiler bilen radikal kremlçi toparyň, günorta-günogar radikal blogyň agzalarynyň arasynda gapma-garşylyk döredi, olar bu ýörişi togtatjak boldular.
Polisiýa ýörişe gatnaşyjylaryň iki sanysyny, şol sanda Raýdaşlyk hereketini aktiwistiMihail Kriger bilen SERB lideri Goşa Tarasewiýi tussag etdi.
Don boýundaky Rostow şäherinden bolan Şewçenko 23-nji ýanwarda öý tussaglygyna höküm edildi, ol hökümetden aýry “Açyk Orsýet” guramasy bilen hyzmatdaşlygy üçin sud edilmegine garaşýar.
Ol 2015-nji ýylda “oňlanylmaýan guramalara” garşy kabul edilen täze kanun esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilýän ilkinji adam bolup durýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !