Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde näbelli adamlar korrupsiýa garşy göreşijini öldürdiler


Korrupsiýa garşy protestçi. Arhiw suraty
Korrupsiýa garşy protestçi. Arhiw suraty

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan rus aktiwisti ýüzi perdeli adamlaryň taýakly hüjüminden soň hassahanada jan berdi diýip, onuň kärdeşleri we hukuk goraýjy resmiler aýtdylar.

11-nji fewral agşamy Winogradowa obasynda gazaply urlup-ýenjilen adam birnäçe sagat soň hassahanada öldi diýip, derňew komiteti aýtdy.

Kärdeşleri pida bolany Moskwa oblastyndaky korrupsiýa garşy hereket merkeziniň başlygy Dmitriý Gribow diýip tanatdylar.

Bu guramanyň Moskwadaky bölüminiň başlygy Wiktor Kostromin Gribowa korrupsiýa garşy alyp baran söweşi üçin hüjüm edilendigine ynanýandygyny aýtdy.

Gribow hüjüm edilmezinden birnäçe sagat öň ýerli sudda özüne garşy edilen öňki hüjüm baradaky diňlenişige gatnaşypdyr diýip, Kostromin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gribowa dört ýyl mundan öň hem hüjüm edildi. Şonda ýüzi perdeli adamlar onuň maşynyny otlapdy.

XS
SM
MD
LG