Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň öňki prezidenti para almakda aýyplanýar


Robert Koçarýan. Arhiw suraty. 2008 ý.

Ermeni sülçüleri ozalky prezident Robert Koçarýanyň garşysyna täze para almak aýyplamasyny açdylar, ol ozal ýurduň konstitusion gurluşyny bozmakda aýyplanýardy.

Täze aýyplama telekeçi aýal Silwa Hambartsumianyň ermeni ministrine para bermäge mejbur edilendigi barada aýdylýan zatlardan uç alýar diýip, Koçarýanyň aklawçysy Aram Orbelian Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugyna 12-nji fewralda aýtdy. Aklawçy şundan başga anyk detallary bermedi.

Hambartsumian oktýabrda Azatlyk radiosyna özüniň 2008-nji ýylda şol wagtky daşky gurşaw ministri Aram Harutyuniana 14 million dollar para berendigini aýtdy.

Ýerewandaky sud ýanwarda Harutyunianyň tussag edilmegini buýurdy, emma onuň häzirki bolýan ýeri bilinmeýär.

Koçarýan başda iýulda, özüniň 1998-2008-nji ýyllardaky hökümet dolandyryşynyň soňky hepdelerinde oppozision protestçilere garşy güýç ulanmak we ölüme sebäp bolmak bilen bagly aýyplamalarda aýyplandy.

Onuň tussag edilmegi ozalky oppozisiýa lideri Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygynda geçirilen parahatçylykly protest ýörişleri netijesinde maýda häkimiýet çalyşmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýörişler Koçarýanyň günorta Kawkaz ýurdundaky dolandyryşyndan bäri häkimiýet başynda bolan gurluşy mazaly ysgyndan gaçyrdy.

Koçarýan ermeni esgerlerine oppozisiýa goldawçylaryna garşy güýç ulanmak hakynda bikanun buýruk bermekde aýyplandy. Oppozisiýa goldawçylary şol wagt 2008-nji ýylyň fewralynda geçirilen dawaly saýlawlarda ýol berlendigi aýdylýan galplyklara garşy protest bildirýärdiler.

2008-nji ýylyň 1-2-nji martynda howpsuzlyk güýçleri protestçiler bilen çaknyşyga girende sekiz protestçi, iki sany polisiýa ofiseri heläk boldy.

Koçarýan bu aýyplamalary ret edýär we Ermenistanyň häzirki hökümetiniň özi bilen syýasy “dawasynyň” bardygyny aýdýar.

64 ýaşyndaky Koçarýçan 13-nji awgustda şikaýat sudunyň karary bilen türmeden boşadyldy, bu karar baş kanunyň oňa 2008-nji ýyldaky zorlukly wakalar sebäpli jogapkärçilge çekilmezlik kepilligini bermegi bilen bagly.

Koçarýan Ýerewandaky tussahana merkezinden boşadylandan birnäçe gün soň özüniň syýasata dolanyp gelýändigini yglan etdi, emma ol 9-njy dekabrda geçirilen we Paşinýanyň häkimiýetiniň berkemegine kömek edenirki parlament saýlawlarynda bäşleşige goşulmady.

Sud Koçarýanyň deslapky tussaghanada saklanmagy baradaky karary saýlawlara iki gün galanda gaýtadan güýje girizdi we ol şondan bäri tussagda otyr.

Koçarýan awgustda azatlyga çykarylaly bäri Paşinýanyň hökümetini gaýta-gaýta ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salmakda, onuň Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowşatmakda we ykdysady programmalarynyň bolmazlygynda aýyplady.

Paşinýan Koçarýanyň garşysyna bildirilen jenaýat aýyplamalaryny gorap çykyş etdi we 17-nji awgustda “ganhorlaryň ählisiniň türmä gitmelidigini” yglan etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG