Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz resmileriniň korrupsiýa boýunça sud diňlenişigi başlandy


Sud edilýän ozalky resmiler.
Sud edilýän ozalky resmiler.

Gyrgyzystanda 18-nji fewralda öňki prezident Alamzbek Atambaýewiň ýakyn ýaranlarynyň sekizisi bilen baglylykda uly derejeli korrupsiýa işiniň deslapky diňlenişigi başlandy, Atambaýew 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli prezident boldy.

Sud edilýänleriň arasynda öňki premýer-ministrler Sapar Isakow we Jantoro Satybaldiew, uly hökümet we energiýa resmileriniň altysy -- Osmonbek Artykbaeýew, Olga Lawrowa, Aibek Kaliew, Jenishbek Nazarow, Salaidin Awazow we Temirlan Brimkulow dagy bar.

Ýapyk gapylaryň arkasyndaky diňlenişik paýtagt Bişkegiň Swerdlow etrap sudunda geçirildi.

Sud edilýänler korrupsiýa we wezipeden bikanun peýdalanmak aýyplamalarynda, hökümet býujetiniň 111 million dollarynyň ýitirilmeginde, Bişkekegiň Termal elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli geçen ýylyň ýanwarynda paýtagtda müňlerçe adamyň ýyladyşsyz galmagyna sebäp bolmakda aýyplanýar.

Elektrik stansiýasyndaky hadysa döwrebaplaşdyrmak işleri resmi tamamlanandan birnäçe aý soň boldy.

XS
SM
MD
LG