Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bangladeşiň paýtagtynda turan uly ýangynda azyndan 81 adam heläk boldy


Dhaka, 21-nji fewral.

Bangladeşiň paýtagty Dhakanyň köne böleginde, kwartira jaýlarynyň arasynda turan uly ýangynda azyndan 81 adam heläk boldy diýip, ýangyn resmileri aýtdylar.

Bangladeşiň ýangyn resmileri 21-nji fewral güni irden şäheriň Çawkbazar etrabynda turan ýangynda ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ähtimaldygyny aýtdylar.

"Häzire çenli 69 jeset tapyldy” diýip, Bangladeşiň ýangyn we raýat goranyşy agentliginiň nobatçy ofiseri Kamrul Hasan biraz öň aýtdy. “Halas ediş çäreleri dowam edýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Paýtagtyň Çawkbazar etraby 300 ýyldan gowrak taryhy bolan Mughal döwründen uç alýar.

Onlarça adam kwartira jaýlarynyň içinden çykyp bilen galdy, bu ýer himiki ammar hökmünde hem ulanylýar.

2010-njy ýylda Dhakada şunuň ýaly himiki ammar hökmünde ulanylan binada turan ýangyn 120 adamyň ölümnine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG