Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Makedoniýa ozalky spikerini we öňki hökümetiň iki ministrini tussag etdi


Ozalky spiker Trajko Weljanowski. Arhiw suraty

Demirgazyk Makedoniýanyň polisiýasy ozalky parlament spikerini we öňki hökümetiň iki ministrini tussag etdi, olar 2017-nji ýylda parlamente güýç bilen girilmeginde aýyplanýar.

Prokurorlar 20-nji fewralda bu diýilýän hereketleriň “terrorçylyk dildüwüşigi we konstitusiýa düzgünlerini we howpsuzlygy gowşatmak” bolup durýandygyny aýtdylar.

Tussag edilenler ozalky spiker Trajko Weljanowski, öňki bilim ministri Spiro Ristowski, öňki transport ministri Mile Janakieski dagy bolup, olaryň öňki milletçi hökümetiň goldawçylarynyň 2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde parlamentiň esasy palatasyna güýç bilen girmeklerini guramaga kömek edendikleri aýdylýar.

Weljanowski häzir parlament agzasy bolansoň, onuň deputat hökmünde eldegrilmesizlik hukugy bar.

Ol birnäçe sagat soň tussaglykdan boşadyldy. Ol boşadylandan soň žurnalistler bilen gysga wagt söhbetdeşlikde özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG