Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň iri banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýar


Türkmen häkimiýetleriniň öýsüz itler üçin döreden penahanasy, Gäwers, 2017
Türkmen häkimiýetleriniň öýsüz itler üçin döreden penahanasy, Gäwers, 2017

Türkmenistanyň täjirçilik banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýandygyny yglan etdi.

Bu bildiriş döwlet metbugatynda 19-njy fewralda, paýtagtda itleriň we pişikleriň yzygiderli öldürilýän wagtyna gabat geldi. Yglan edilişine görä, "Rysgal" banky haýwanlar üçin penahanaly keselhananyň döredilmegini goldamak üçin ýörite hasap açýar.

"Türkmenistan" gazetinde çap bolan bildiriş, 19-njy fewral, 2019
"Türkmenistan" gazetinde çap bolan bildiriş, 19-njy fewral, 2019

"Ýurdumyzyň ähli telekeçilerini we raýatlaryny bu haýyrly işe goşulmaga çagyrýarys" diýlip, bildirişde aýdylýar.

Bildirişde bank hasaby we habarlaşmak üçin Senagatçylar hem Telekeçiler bileleşiginiň telefon nomerleri görkezilýär. Azatlyk Radiosy salgy berlen nomerleriň birine jaň edende hasaba eýýäm pul geçirip bolýandygy aýdyldy. Emma edaranyň ýygnan puluny nädip ulanjagyny anyklap bolmady.

Haýwanlar üçin "Ýörite merkezleşdirilen klinikany" döretmek görkezmesini 16-njy fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow etdi. Ol şonda klinikanyň ýanynda öýsüz haýwanlar üçin penahanynyň bolmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň öýsüz haýwanlara üns bermegi ýurtda it-pişikleriň yzygiderli we rehimsiz awlanýan, köpçüligiň içinde öldürilýän döwrüne we tutulan haýwanlaryň toplanýan ýerlerindäki aýylganç şertler hakynda maglumatlaryň çap bolmagyna gabat geldi.

13-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň etegindäki haýwanlar penahanasynda alnan wideo gowuşdy. Bu wideo Çoganlyda zir-zibilleriň ýygnalýan ýerinde ýerleşýän penahanada 2018-nji ýylyň tomsunda gizlinlik bilen ýazga alyndy.

Aşgabatda itler we pişikler 'awlanýar, öldürilýär'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

Ençeme ýyl bäri türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy öýsüz haýwanlar temasyny açyk gozgamandy.

2019-njy ýylyň başyndan bäri Aşgabatda öýsüz it-pişikleriň rehimsizlik bilen awlanmagy yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar. Ozalky ýyllarda häkimiýetleriň itleri we pişikleri awlamak boýunça çäreleri esasan döwlet baýramçylyklarynyň we ýurtda geçirilýän iri halkara wakalaryň öňýany güýçlenýärdi.

Azatlygyň habarçylary we söhbetdeşleri itlere we pişiklere sütem edilişi bilen bagly onlarça waka barada habar berdiler.

Aşgabadyň jemagat işgärleri öldürlen it-pişikleri polietilen haltalara ýygnaýarlar, fewral, 2019
Aşgabadyň jemagat işgärleri öldürlen it-pişikleri polietilen haltalara ýygnaýarlar, fewral, 2019

​Köp ýagdaýlarda haýwanlary dessine köçede köpçüligiň gözüniň alnynda öldürýärler, diýip şeýle wakalara şaýat bolan Azatlygyň habarçysy 21-nji ýanwarda habar berdi.

- Käbir köçe süpürijiler haýwanlary tutmak üçin hatda gijelerine-de zir-zibilleriň taşlanýan ýerlerinde nobat çekýärler. Beýlekiler öýde saklanýan pişikleri ogurlaýarlar. Pişikleri azyk bilen öýden çykaryp, soň halta salýarlar we köçäniň gyralaryna urýarlar, zäher oklaýarlar, ujy çüýli uzyn taýaklary ulanýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, paýtagtda her gün irden köçede ýatan öli haýwanlaryň maslyklaryny we olary polietilen haltalara ýygnaýan köçe süpürijileri görmek mümkin.

Aşgabadyň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň sözlerine görä, olardan öýsüz haýwanlaryň belli bir sanyny tabşyrmak talap edilýär. Talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda olara jerime salynýar we işden kowulmak haýbaty atylýar.

Ýanwar aýynyň aýagynda paýtagtyň merkezi böleklerinde ýaşaýan it eýeleri köçede polisiýa tarapyndan dokument barlaglaryna sezewar edildiler. Talap edilýän dokumenti bolmadyk itleriň öz eýeleriniň ellerinden alnan ýagdaýlary boldy.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň häkimiýetleriniň haýwanlary awlamaga resmi tabşyrygynyň bardygyny mälim boldy.

Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi
Aşgabat şäher häkimliginiň binýadyndaky Jemagat hojalygy müdirligini ýaşaýjylaryň arza- şikaýatyna resmi hat bilen jogap berdi

Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň müdiriniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen ýaşaýjylara berlen resmi hatda Aşgabady "gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi" habar berildi.

2017-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ilkinji penahananyň döredilýändigini yglan edipdi. Şonda aktiwistleriň habar bermegine görä, köçelerde tutulan haýwanlar başda Aşgabadyň haýwanlar bagyna, soňra Aşgabadyň daşyndaky Gäwersde döredilen ýörite ýere alnyp barylýardy, emma kadaly ideg edilmänsoň haýwanlar köpçülikleýin açlykdan ölüpdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG