Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda sil we ýagyş 12 adamy öldürdi


Pakistan, sil gelende. Arhiw suraty

Pakistanyň günorta-günbatarynda we merkezi regionlarynda bolan suw joşgunlary, sil we agyr ýagyşlar 12 adamy öldürdi diýip, resmiler 21-nji fewralda aýtdylar.

Milli adatdan daşary ýagdaýlar müdirligi birden gelen suw joşgunlarynyň Lazbella şäheriniň golaýyndaky obalary basyp, üç adamy öldürendigini, 200 maşgala zyýan ýetirendigini aýtdy.

Merkezi Pakistanda agyr ýagyş wagtynda üçekleriň çökmegi netijesinde aýry-aýrylykda bolan üç hadysada 9 adam öldi, olaryň dördüsi Multan şäherinde öldi.

Halas ediş işgärleri Bulujystan welaýatyndaky Lazbella şäheriniň töwereklerinde adamlary silden halas edýärler diýip, welaýat resmisi Imran Zarkun aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG