Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müňlerçe adam Wuçiçe garşy tapgyr 12-nji hepde protest bildirýär


Belgrad protestçileri

23-nji fewralda müňlerçe adam Belgradyň köçelerine tapgyr 12-nji şenbe demonstrasiýa çykyp, Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiçe garşy protest bildirdi.

Adatça bolşy ýaly, protestçiler Belgradyň merkezi meýdançasyna toplanyp, Serbiýanyň döwlet telewideniýesiniň binasyna tarap ýöriş etdiler we Wuçiçiň döwlet telewideniýesiniň üstünden kontrollygyna garşy şygarlara gygyrdylar, adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler.

Märeke “5 millionyň biri“ diýen sözler ýazylan ullakan şygaryň yzy bilen ýöredi, bu şygar Wuçiçiň dekabrda protestçileriň talaplaryny inkär edip aýdan sözleri esasynda döredildi.

Wuçiç dekabrda “eger köçelere 5 million demonstrasiýaçy çyksa-da, men siziň bir talabyňyza hem boýun bolmaryn” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG