Eýran Hormuz bogazynda geçirilen ýyllyk harby-deňiz maşklary mahalynda suwasty gämiden ganatly raketa atmagy ilkinji gezek üstünlikli synag etdi diýip, döwlet mediasy habar berdi.
24-nji fewraldaky raketa synagy Birleşen Ştatlar bilen ýitileşen dartgynlygyň arasynda geçirildi. Eýran ozal uly nebit gatnawynyň ugrunda, Pars aýlagynyň agzynda ýerleşýän Hormuz bogazyny, ABŞ-nyň duşmançylykly hereketlerine jogap hökmünde, baglamak haýbatyny atdy.
Resmi IRNA habar gullugy Eýranyň Ghadir klasly harby-deňiz suwasty gämisiniň 24-nji fewralda ganatly raketany üstünlikli atmagy başarandygyny habar berdi. Emma habarda raketanyň ýetýän aralygy aýdylmady.
IRNA Eýranyň beýleki suwasty gämileriniň – Taregiň we ýurt içinde öndürilen täze Fateh gämisiniň şeýle kuwwatlyklara eýedigini aýtdy.