Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nazarbaýew Gazagystanyň täze premýer-ministrini belledi


Askar Mamin Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary bolup işlän döwri Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirýär. 2017 ý.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň täze premýer-ministri hökmünde Askar Mamini belledi.

Mundan öň, gazak prezidenti, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we ykdysadyýeti energiýa pudagyndan diwersifikasiýa etmäge ukypsyzlykda aýyplap, hökümeti dargadypdy.

Mundan soň, 2016-njy ýyldan bäri premýer-ministriň orunbasary bolup işlän 53 ýaşly Mamin premýer-ministriň wezipesini ýerirne ýetirijisi hökmünde bellenipdi.

Bu Astanada ejesi we kakasy gije işleýän bäş çaga öz öýlerinde ýanyp ölenden soň ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlygy sebäpli turýan protestleriň çäginde bolup geçýär.

78 ýaşly Nazarbaýew Gazagystany Sowet Soýuzy darganyndan, ýagny 1991-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýär.

Hukuk goraýjy aktiwistleri Nazarbaýewi dissidentleri, özüniň mümkin garşydaşlaryny basyp ýatyrmakda aýyplaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG