Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, “Talyban” parahatçylyk gepleşiklerine iki gün arakesme berdiler


ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Owgan “Talybany” bilen Katarda parahatçylyk gepleşiklerini geçirýän ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili gepleşikleriň 2-nji marta çenli yza süýşürilendigini aýtdy.

“Soňky iki günüň dowamynda iki tarap hem öz aralarynda maslahat edip, ýaňadandan şenbe güni duşuşarlar” diýip, Zalmaý Halilzad 28-nji fewralda Dohada “Talyban” bilen üç günläp geçiren gepleşiklerinden soň Twitterde ýazgy galdyrdy.

27-nji fewraldaky duşuşykdan soň, “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid: “konsultasiýalary geçirmek we gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlanmak üçin, iki tarap-da arakesme almagy karar etdi” diýip, belledi.

Halilzad öz Twitter hasabynda: “Biz özara düşünişmä we parahatçylyga tarap ýuwaş we ynamly ädimler bilen barýarys” diýip, ýazgy galdyrdy.

Mundan öň, Halilzad “Talybanyň” owgan hökümetiniň resmileri bilen gepleşikleri geçirmegini gazanjak bolýardy. Jeňçi topary bu teklibi ret edip gelýär.

Mujahidiň sözlerine görä, “Talybanyň” täze bellenen syýasy ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradar gepleşikleriň soňky tapgyryna gatnaşmandyr.

Emma, Mujahid Baradaryň Halilzad, şeýlede NATO-nyň, hem-de ABŞ-nyň Owganystandaky baş kommandiri general Skott Miller bilen duşuşandygyny sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG