Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ogurlanan” täjik aktiwisti Ýewropa gaýdyp geldi


Germaniva. Ş.Gadoýew (Ç)Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiri bilen. 2-nji mart, 2019.
Germaniva. Ş.Gadoýew (Ç)Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiri bilen. 2-nji mart, 2019.

Tanymal täjik oppozision aktiwisti, geçen aý bosgunlykda ýaşaýan ýurdy Niderlandiýadan Duşenbä gelip düşen Şarofiddin Gadoew Ýewropa dolanyp geldi.

Ol 2-nji martda täjik oppozisiýanyň feýspukdaky göni efirinde çykyş edip, “öz işi boýunça alada bildiren ýurtlaryň ählisine sagbolsun” aýtdy.

“Men gelýän birnäçe sagadyň dowamynda has anyk jikme-jiklikleri aýan ederin” diýip, Gadoýew Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiriniň gapdalynda durup aýtdy.

Gadagan edilen Topar-24 oppozisiýa hereketiniň agzasy bolan Godoýew golaýda Täjigistanda peýda bolup, onuň Orsýete sapary mahalynda alnyp gaçylandygy barada beýanatlar edildi.

XS
SM
MD
LG