Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH Berdimuhamedowyň "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly kitabyny tamamlandygyny habar berýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat berlen aty ogşaýar. 2018 ý. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji martda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we ahalteke atçylyk toplumynda boldy diýip, TDH habar berýär.

Wise-premýer Pürli Agamyradow döwlet baştutanyna 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Prezident Berdimuhamedow Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenleriň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmak üçin tagalla gaýgyrmazlygyny tabşyrdy.

“Türkmen türgenleri watansöýüjilik, halkymyza, Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny esasy ýörelge edinmelidir” diýip, TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.

Olimpiýa şäherçesini gözden geçirenden soňra, döwlet baştutanyAhalteke atçylyk toplumyna gelip, “behişdi bedewleri bilen didarlaşdy”.

TDH Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny jemlänem bolsa, bu ýerdäki ýakymly pursatlardan göwni galkyp, eline galam alyp, kitaba ýene-de birnäçe maglumatlary, täsirli pursatlary, oý-pikirlerini girizendigini habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG