Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda mugallymlar protest geçirýärler


Eýranly mugallymlar sapaklara gatnaşmakdan ýüz öwürýärler. 5-nji mart, 2019 ý.

Eýranda mugallymlar az aýlyklara we mugallymlaryň hukuklaryny goraýan aktiwistleriň tussag edilmegine garşy mekdeplerde oturyp, tertip üç gün bäri protest geçirýärler. Bu mugallymlaryň sapaklara gatnaşmakdan ýüz öwürýändiklerini aňladýar.

Protest çäreleri Eýranyň Mugallymlarynyň Sindikatlarynyň Koordinirleýji Geňeşi tarapyndan gurnalýar. Onuň maglumatyna görä, Tährandaky, Isfahandaky, Hamadandaky, Karaždaky, Kermanşahdaky, Şirazdaky, Ýazdaky we ýurduň beýleki onlarça şäherlerindäki, umumy hasap bilen, 1 müňe golaý mekdebinde mugallymlar proteste goşulypdyrlar.

Döwlet eýeçiligindäki media protestler barada hiç hili habar bermeýär. Resmiler hem bular barada dil ýarmaýarlar.

Häzirki oturylyp geçirilýän protestlerde tussag etmeleriň bolandygy barada maglumatlar ýok. Emma, mundan ozal şular ýaly çärelere berk gaýtawul berlip, köp sanly mugallymlar hem tussag edilipdi.

Geçen ýyl eýranly mugallymlar oturyp iki tapgyr protest geçiripdiler.

2017-nji ýylyň aýagynda we 2018-nji ýylyň başynda müňlerçe adam ýurduň 80 töweregi şäherinde köçelere çykyp nyrhlaryň ýokarlanmagyna, işsizlige we korrupsiýa garşy protest geçiripdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG