Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlar ýeri uzak möhletleýin kärendesine almakda ‘býurokratik kynçylyklaryň’ bardygyny aýdýarlar


Ekin meýdanyndaky daýhan. Illýustrasiýa suraty
Ekin meýdanyndaky daýhan. Illýustrasiýa suraty

Balkanly, maryly we ahally daýhanlaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň ençemesi döwletden ýeri 99 ýyl möhlet bilen kärendesine almakda dürli, şol sanda býurokratik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu waka türkmen metbugatynda telekçilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin müňlerçe gektar ýeriň kärendesine paýlanyp berlendigi barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

“Men ýa-da men ýaly başga-da ençeme daýhan ýer almak üçin Balkanyň Serdar we Bereket hem-de Ahalyň Bäherden etrap häkimliklerine, şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine arza bilen ýüzlendi.Bize “Seniň döwlete ýük bolman işlemäge maliýe ýagdaýyň barmy? Öz adyňa traktoryň, döküniň, ähli üpjünçiligiň barmy? Bar bolsa, öz ýaşaýan etrabyň häkimliginden, bankdan şulary subut edýän resminamalary getir” diýýärler. Ýöne daýhanlaryň köpüsinde bu soralýan zatlaryň, resminamalaryň birnäçesi bolsa-da, azyndan biri ýa-da ikisi ýok. Şeýdip daýhanlar ýer alyp bilmän galýar” diýip, balkanly kärendeçileriň biri Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçy balkanly, maryly we ahally ýaşaýjylara salgylanyp, daýhanlaryň ençemesiniň birleşmeginde düzülen we degişli döwlet edaralarynda hasaba alnan hojalyk jemgyýetleriniň birnäçesiniň-de türkmen häkimiýetlerinden ýeri uzak möhletleýin peýdalanmak üçin sorandygyny aýtdy. Ýöne hojalyk jemgyýetlerinde talap edilýän resminamalar bolsa-da, jogapkär resmileriň olara-da “garaşyň!” diýip jogap berýändigini belledi.

“Biz maldarçylyk fermasyny döretmek üçin 1-1,5 gektar ýer, ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin 20-100 gektar aralygynda ýer soradyk. Şeýle-de, bizden talap edilýän resminamalar bilen bir hatarda, döwlete ýylda näçe et, süýt, ot-iým tabşyrjakdygymyz baradaky programmany hem hödürledik. Bize edil “ýok” diýip jogap bermediler. Ýöne “Häzir ýurtda däne, pagta bolçulygyny ýola goýmak üçin tagalla edilýär. Siziň işiňize bolsa, gelejekde serederis” diýýärler” diýip, Ahaldaky hojalyk jemgyýetinde hasaba duran daýhanlaryň biri anonim şertde gürrüň berdi.

​Daýhanlaryň ýerini elinden almak bilen, tas tutuş obanyň eklenjini elinden aldylar...

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden we Balkanyň Serdar we Bereket hem-de Ahalyň Bäherden etrap häkimliklerinden kommentariýa almak başartmady.

14-nji fewralda “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine agza firmalara paýlanyp berlen 8000 gektardan gowrak ekerançylyk ýerleriniň 1000 gektara golaý böleginiň ýorunja, arpa, mekgejöwen, şugundyr we beýleki ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendigi mälim edildi.

Azatlygyň habarçysy we ýerli daýhanlaryň ençemesi bu ýerleriň paýlanjakdygy barada ýurduň metbugatynda öňünden bildiriş edilmändigini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt hem ýeri döwletden uzak möhletleýin kärendesine alyp bilmeýän, hem-de göz öňünde tutulan hasyly alyp bilmändigi üçin diýlip, geçen ýylyň dowamynda ýeri elinden alnan daýhanlaryň onlarçasy indi alty aýa golaý wagt bäri işsizlikden kösenýär.

Habarçy maryly we balkanly oba ýaşulularynyň ençemesiniň işsiz daýhanlara kömek etmegi sorap, ýurduň oba hojalygyna serenjam berýän wise-premýere ýörite hat ýazandygyny, ýöne oňa jogap alyp bilmändiklerini aýdýar.

“Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Muhadow adyndaky daýhan birleşiginiň ençeme ýaşulysy jemlenip, geçen ýylyň oktýabr aýynda wise-premýer Orazgeldiýewiň adyna hat ýazdylar. Ýöne aradan bäş aýdan gowrak wagt geçse-de, bize “hatyňyzy aldyk” diýip, hem jogap ýazmadylar. Daýhanlaryň ýerini elinden almak bilen, tas tutuş obanyň eklenjini elinden aldylar” diýip, maryly daýhanlaryň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Geçen ýylyň 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow indiden beýläk “düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerlerini alyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere” 99 ýyla möhlete bermegi hödürledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG