Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iş gözleginde ilki Türkiýä giden türkmenistanly bir aýal 5 gün bäri Bakuwyň aeroportunda ýatyp turýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Halkara aeroportunda garaşýan çagaly aýal. Arhiwden alnan surat.

Iş gözleginde Türkiýä baryp, ol ýerde resmi ýagdaýda galmaga synanyşýan türkmenistanlylaryň duş gelýän dürli kynçylyklary dowam edýär.

5-nji martda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanly bir aýalyň düşen güni muňa mysaldyr. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlyk agzalýan aýalyň adyny efirde Bagtygül diýip tutýar.

Bagtygül häzirki wagtda duçar bolan býurokratiki kynçylyklaryna Bakuwyň Gaýdar Aliýew adyndaky halkara aeroportunda 5 gün bäri çykalga gözleýär. Azerbaýjanly häkimiýetler ony Bakuwdan Aşgabada deport etjekdiklerini aýdýarlar. Bagtygül ýagdaýlaryň detallaryny gürrüň berdi.

4 çagaly Bagtygül oktýabr aýynyň başynda çagalaryny jigilerine goýup, Türkmenistandan gazanç gözleginde Türkiýä gaýdýar. Ol Türkmenistanda ýaşara özüne degişli öýüniň ýokdugyny aýdýar.

“Uly çagam 8 ýaşynda kiçim 1 ýaşynda, jaýyň, suwuň, toguň, iýip-içgileriň bahalarynyň galmagy meni kyn güne goýdy. Ejem ýok, çagalarymy jigilerime goýup, Türkmenistandan Türkiýä oktýabryň başynda işe geldim” diýip, Bagtygül hamsygyp gürrüňe başlaýar.

“Türkiýä gelip, oktýabr aýynyň 27-sinde “Göç edarasyna” kimlige ýüz tutdum” diýip, ol gürrüňe dowam edýär.

Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede bir aý möhlet bilen wizasyz galyp bilýärler.

Bir aýlyk möhleti uzaltmak üçin, Türkiýäniň degişli Migrasiýa edaralaryna Türkiýede ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga durmak üçin ýüz tutýarlar. Bu dokument “kimlik kart” atlandyrylýar.

Hemmeler ýaly, Bagtygül hem “kimlige” ýüz tutýar ýöne Migrasiýa edarasynyň işgärlerine özüniň Türkiýede ýaşamak üçin ýeterlik derejede maliýe serişdesiniň bardygyny subut edip bilmeýär.

Şondan soň Türk häkimiýetleri oňa Türkiýede resmi ýagdaýda galmak üçin daşary ýurda çykyp, täzeden ýurda girmegi maslahat berýär.

Bagtygül munuň ugruna çykýar. Çykalga hökmünde Stambuldan Bakuwa girip çykmagy ýüregine düwýär; öz sözlerine görä, Azerbaýjana wiza açdyrýar.

Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna 30 gün Azerbaýjanda galmaga degişli elektron wiza ýüz tutmaga mümkinçilik döredýär.

“Türkiýäniň aeroportunda 550 lira jerime töletdiler. Aýyň 27-sine (fewralyň-red.) Bakuwa geldim, 28-ne yzyma, Stambula bardym” diýip, ol gürrüň berýär.

Ýöne munuň bilen ýagdaýlar düzelip gidibermeýär.

Türk häkimiýetleri ony Stambulda gelen uçary bilen sebäbini düşündirmezden yzyna Bakuwa ugradýar.

Azerbaýjanly häkimiýetler bolsa yzyna gelen Bagtygüli, Türkiýä däl Türkmenistana deport etjekdiklerini aýdýarlar.

Ol degişli resmilere uçar biletini satyn almak üçin ýeterlik möçberde maliýe serişdesiniň ýokdugyny düşündirýär.

Häkimiýetler bolsa oňa öz biledini özüniň satyn alyp ýurduna dolanmagyny talap edýär.

Onuň sözlerinden mälim bolşuna görä, azerbaýjanly häkimiýetler ony heniz deport etmedi. Bagtygül 5 gün bäri Bakuwyň Gaýdar Aliýew adyndaky halkara aeroportunda ýatyp turýar.

“Şert ýok. Sowuk. Aç. Skameýkada ýatyp turýarys” diýip, Bagtygül aýdýar.

Bu aralykda ol gyz doganyndan kömek soraýar. Gyz dogany gymmatly şaý-seplerini satyp, Bakuw-Stambul, Stambul-Aşgabat ugry boýunça oňa bilet satyn alyp ugradýar. Bagtygüliň sözlerine görä, azerbaýjanly häkimiýetler ilki muňa razy bolýar, ýöne soň uçaryň uçmagyna 5 minut galanda welin, oňa Stambula gitmäge rugsat bermejekdiklerini aýdýarlar.

Ol ýeter-ýetmezçilik sebäpli özüniň Türkmenistana dolanmak islemeýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň resmi media serişdeleri raýatlaryň bagtyýarlyk zamanasynda ýaşaýandygyny tekrarlaýar. Ýöne Bagtygül ýaly köp sanly raýat eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykyp, çet ýurtlarda dürli kösençlikleri başdan geçirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG