Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberinde ýeňillikli karz berildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberde ýeňillikli karz bermek barada karara gol goýdy.

7-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet baştutany bu ministrlik üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete karz bermegi Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna tabşyrdy.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň habaryna görä, prezident bu karara Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň pudagara algy-bergilerini hasaplaşmak we olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen gol çekýändigini aýtdy.

29-ýanwarda geçirilen sanly wideomaslahatda türkmen lideri Oba we suw hojalyk ministrligini Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birleşdirdi. Olaryň ikisine derek, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini döretdi.

Geçen ýylyň 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow indiden beýläk “düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerlerini alyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere” 99 ýyla möhlete bermegi hödürledi.

Ýerli daýhanlaryň we synçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, göz öňünde tutulan hasyly alyp bilmändigi üçin diýlip, kärendeçileriň ýeriniň elinden alynmagynyň esasy sebäbi döwletiň öz üstüne alan borçlaryny, şol sanda suw, tehnika, dökün bilen öz wagtynda üpjün etmezligi bilen baglanyşykly.

XS
SM
MD
LG