Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident sanly wideomaslahatlaryny köpeltdi; soňky mejlisde käbir döwlet edaralaryny üýtgedip gurdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirýär, 7-nji ýanwar, 2019-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.

Indi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly günde-günaşa maslahat geçirýär.

Iň soňky sanly wideomaslahat 29-njy ýanwarda geçirildi. TDH-nyň maglumatlaryna görä, onuň dowamynda durmuş-ykdysady meselelere garaldy, köp sanly döwlet edaralary üýtgedip guruldy.

Bu sanly maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary gatnaşdyryldy.

Şondan bir gün ozal, 28-nji ýanwarda prezident Berdimuhamedow ýokary wezipeli resmiler bilen ýene-de bir sanly wideomaslahat geçirdi. Onuň dowamynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigi aýdylýan çäreler maslahat edildi. Sanly wideo maslahata Ministler Kabinetiniň käbir orunbasarlary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdyryldy.

28-nji ýanwardaky sanly maslahatyň dowamynda döwlet baştutany her welaýatyň häkimine aýratynlykda oba hojalyk pudagynyda edilmeli işleriň ähmiýetini düşündirdi.

29-ýanwarda geçirilen sanly wideomaslahatda prezident Berdimuhamedow köp sanly döwlet edaralaryny üýtgedip gurdy.

Prezident Oba we suw hojalyk ministrligini Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birleşdirdi. Olaryň ikisine derek, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini döretdi.

Şeýle-de, Türkmenistanda Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi.

Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet täze Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine berkidildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredildi. Senagat, Demir ýol we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, "Türkmenhowaýollary" gullugy täze döredilen ministrlige berkidildi. Toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiligi üýtgedildi. Olar paýdarlar jemgeyýetine öwrüldi.

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty bilen Milli golýazmalar instituty birikdirildi. Olara derek Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty döredildi.

24-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan hökümete ýakyn çeşme ministrlikleriň birleşdirilmegi bilen iş orunlarynyň düýpli kemelýändigini habar beripdi.

Galyberse-de, Beridmuhamedow Türkmenistanda “Rowaçlygygyň watany” atlandyrylan 2019-nji ýyla geçip, soňky bir aýyň dowamynda azyndan 12 gezek ýokary wezipeli resmiler bilen duşuşyp, maslahat geçirdi.

Indi prezidentiň geçirýän duşuşyklarynyň hataryna täze bir adalga goşuldy. 21-nji ýanwardan bäri Berdimuhamedow hökümet resmileri bilen menzilara geçirýän ýygnaklaryny “sanly wideoaragatnaşyk arkaly” geçirýär.

Türkmenistanyň syýasatyny yzarlaýan synçylar, prezidentiň täzelikde ýola goýan sanly wideoaragatnaşygynyň mazmunyny, onuň mundan ozalky wideoşekilli iş maslahatlaryndan tapawudyny gyzyklanýar.

Berdimuhamedowyň özi hem mundan beýläk sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän ýygnaklarynyň, ozalky wideokonferensiýalardan tapawudyny mälim etmedi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän gepleşiklerde-de täze sanly gatnaşygyň öňki wideokonferensiýalardan tapawudy barada halk köpçüligine maglumat berilmeýär.

Döwler metbugaty sanly ýygnaklarda prezidentiň gol çekýän kararlarynyň dessine ýygnaga gatnaşýan degişli ýokary wezipeli resminiň dykgatyna ýetirilýändigini gaýtalaýar.

Soňky döwürde Türkmenistanyň döwlet metbugatynda ýurduň ykdysadyýetiniň, syýahatçylygyň, bank we maliýe ulgamynyň sanly häsiýete eýe bolýandygy tekrarlanýar. Tele-radiokanallarda we metbugatda “sanly ykdysadyýet”, “sanly syýahatçylyk, “sanly wideoaragatnaşyk” “innowasion ösüş” ýaly sözler ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Bular Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG