Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň administrasiýasy 2020-nji ýyl üçin federal býujetiň taslamasyny taýýarlady


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy 2020-nji ýyl üçin federal býujetiň taslamasyny taýýarlady. Onda harby çykdajylar üçin 750 milliard amerikan dollary möçberinde serişde sarp etmek we harby däl pudaklar üçin niýetlenen harçlamalary 5 prosent kemeltmek göz öňünde tutulýar.

Administrasiýanyň ady köpçülige mälim edilmeýän resmisiniň 8-nji martda beren maglumatyna görä, öňümizdäki hepde köpçülige ýaýradyljak býujetdäki teklip edilen sanlar öňümizdäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň býujetiniň deňagramly bolmagyna getirer.

Muňa garamazdan, bu çaklamalar dinamiki ykdysady ösüşiň çaklamalaryna esaslanýar we tankytçylar munuň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Teklip edilýän býujetde ABŞ-nyň Meksika bilen serhet araçäginde diwar gurmak we ýurduň harby güýçleriniň Tramp tarapyndan öňe sürlen täze bölümini – Kosmos güýçlerini – maliýeleşdirmek hem göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG