Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatlylar gazyň, toguň we suwuň mugt döwri üçin töleg tölemäge mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda ýaşaýjylar gazyň, elektrik togunyň we suwuň mugt döwründe sarp eden serişdeleri üçin ýokarlandyrylan, täze nyrhlarda töleg tölemäge mejbur edilýär. Bu waka ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasynyň tölegleri öz wagtynda tölenmedik ýagdaýynda, ilatyň elektrik ulgamynyň kesiljekdigi baradaky bildirişleriň çap edilýän mahalyna gabat geldi.

“Häzirki wagt ýaşaýjylardan diňe ýanwar, fewral aýlary üçin däl, eýse gazyň, suwuň we toguň mugt berilen soňky aýlary – oktýabr, noýabr we dekabr – üçin hem täze nyrhdan töleg alynýar. Bu aýlar üçin töleg tölemedik ýaşaýjylaryň gazynyň, togunyň, suwunyň kesiljekdigini berk duýdurýarlar. Ýaşaýjylar nalaç töleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçy 14-nji martda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gazy, suwy we elektrik energiýasyny mugt we ýeňillikli bahadan bermek düzgünini ýatyrypdy.

Şondan soň Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlaryna gaz we suw ölçeýji gurallary oturtmak çäresi oktýabr we noýabr aýlarynda güýçli depginde alnyp baryldy.

Azatlygyň habarçysynyň aýtmagyna görä, şonda paýtagtlylaryň ençemesi döwlet edaralarynyň resmilerine gaz, suw we elektrik togy üçin 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap töleg alynjakdygyny aýdyp, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli sarp ediljek serişdeleriň nädip täze ýylyň hasabyna goşulmajakdygyny sorapdyrlar.

“Şonda döwlet edaralarynyň resmileri ýaşaýjylara dekabryň soňky günlerinde ýa-da ýanwaryň başynda öýlere aýlanyp, ölçeýjileriň şol gündäki sanlaryny hasaba aljakdyklaryny aýdypdylar. Şeýlelikde ýaşaýjylar toguň, suwuň, gazyň mugt döwri üçin täze nyrhlarda töleg tölemez diýipdiler. Şu günler käbir ýaşaýjylar resmileriň aýdan şol sözlerini ýatlatsalar-da, olary diňlemeýärler” diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda-da, habarçy käbir ýaşaýjylaryň dekabryň soňky günlerinde öz ölçeýjilerinde sarp eden serişdesiniň möçberini görkezýän sanlary delil hökmünde surata düşürendigini, şeýlelikde olaryň geçen ýyl üçin töleg tölemeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Aşgabatlylaryň gazyň, elektrik togunyň we suwuň mugt döwri üçin töleg tölemäge mejbur edilmegi, ýurduň gazetlerinde bu tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň elektrik ulgamynyň, suwunyň, gazynyň kesiljekdigi baradaky bildirişleriň çap edilýän mahalyna gabat geldi.

Şu ýylyň 26-njy fewralynda Balkanyň welaýat gazetinde çap edilen bildirişde sarp edilen elektrik energiýasynyň töleg resminamasynyň 14 gün geçenden soňra tölenmedik ýagdaýynda, elektrik energiýasyny ýerleýän kärhana sarp edijini elektrik ulgamyndan öçürip biler” diýilýär.

“Balkan” gazetiniň 28-nji fewralda çap edilen sanynda bolsa, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň sarp edilen gaz, suw we elektrik togy üçin tölegleri bankyň merkezi edarasynda we şahamçalarynda nagt hem-de nagt däl görnüşinde kabul edýändigi habar berildi.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen hökümetine tarapdar orient.tm saýtynda “tölegiň suw üçin däl-de, diňe onuň üpjünçiligi alynýandygy” barada makala çap edildi. Şunlukda, ýurtda gazyň, suwuň we elektrik togunyň täze nyrhlarynyň ýola goýulmagy bilen, “tölegleriň aşa gymmat däldigine” hem üns çekildi.

“Gaz, suw we elektrik togy üçin täze nyrhlaryň girizilmegi netijesinde, türkmenistanlylar üçin näme üýtgedi?” diýen sözbaşy bilen 5-nji fewralda çap edilen makalada ýanwar aýynda sarp eden suwy üçin aýlyk tölegi ilkinji gezek tölemäge baran bir türkmenistanlynyň başdan geçirenleri diýilýän waka beýan edilýär.

“Kassada oturan işgär oňa ýanwar aýy üçin suw töleginiň 3 manada barabar bolandygyny aýdanda, raýat ýeňillik bilen dem alýar we puluny çykaryp berýär” diýlip, habarda aýdylýar.

Ýöne Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy ortaça bäş adamlyk aşgabatly bir maşgalany mysal getirip, olaryň ýanwar aýynda elektrik togy üçin 91 manat 60 teňňe, suw üçin 21 manat, gaz üçin 85 manat töländigini aýdýar.

Maglumat üçin aýtsak, 1-nji ýanwardan başlap ýurtda ortaça aýlyk haky 800 manada barabardyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG