Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lesiniň jeset derňewleriniň hasabaty täze jikme-jikleriň üstüni açdy


Mihaýil Lesin (sagda) 2012-nji ýylda prezident Wladimir Putiniň çykyşyny diňleýär.
Mihaýil Lesin (sagda) 2012-nji ýylda prezident Wladimir Putiniň çykyşyny diňleýär.

2015-nji ýylda Waşingtonyň myhmanhalarynyň birinde öli tapylan Russiýanyň ozalky metbugat ministri Mihaýil Lesiniň eňek süňküniň aşagyndaky boýnunyň “ölüminiň öňýany” döwlen bolmagy mümkin. Bu barada Waşingtonyň şäher medisina barlagçysynyň elýeterli eden dokumentlerinde aýdylýar.

Bir zaman prezident Wladimir Putiniň hökmürowan metbugat geňeşçisi bolan Lesin 2012-nji ýyl töwereginde ozalky täsirini ýitridi we jesedi "Dupont Circle” myhmanhasynyň bir otagyndan tapylýança kän göze ilmän ýaşady.

Geçen aý, Waşingtonyň sudýasy şäheriň medisina barlagçysyna Mihail Lesiniň jesediniň kesilip barlanmagyna degişli maglumatlary we derňew bilen bagly beýleki ýazgylary tabşyrmagy buýurdy.

13-nji fewraldaky karar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Lesiniň 2015-nji ýylyň noýabryndaky ölüminiň dowam edýän derňewi babatdaky dokumentleri almaga çalşyp, Maglumat azatlygy akty boýunça eden sud şikaýatyna jogap edilip çykaryldy.

Netijede, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Lesiniň ölümi bilen baglylykdaky 149 sahypalyk dokument gowuşdy.

Täze ýüze çykarylan detallarda şu aşakylar hem bar:

  • Lesiniň dilasty mäziniň aşagyndaky süňk döwlüpdir. Onuň eňek süňküniň aşagyndaky boýun bölegi hem döwlüpdir. Bu şikesiň ölüm wagty ýa-da ölümiň öňýany ýeten bolmagy mümkin. Dokumentdäki beýleki bir çaklama görä, boýun merhumyň jesediniň kesilip barlanan pursady hem döwlen bolmagy mümkin.
  • Derňewler boýunça Federal Býuro (FBI) Lesiniň ölümi boýunça derňewe 2016-njy ýylyň başynda başlamak mümkinçiligine seredipdir. Munuň durmuşa geçirilip-geçirilmändigi belli däl. Emma, FBI agentleri şaýatlary sorag etmek we Lesiniň ölen myhmanhanasynyň kameralarynyň ýazgylaryny seljermek işlerine gatnaşypdyrlar.
  • Lesiniň Bewerly Hillzde ýaşaýan ogly kakasynyň iş saparlary mahaly elmydama-da serhoş bolandygyny aýdypdyr.
  • Waşingtonyň Esasy sud medisina edarasynyň işgärleriniň biri Lesiniň ölümi boýunça Jenaýat işleri boýunça uly žýuriniň öňünde görkezme beripdir.
  • Ozalky rus ministriniň ölüminden soň, bu işi alyp barýan detektiwe özüni Lesiniň dosty diýip tanyşdyran bir kişi jaň edipdir. Ol Lesiniň jesediniň nirede saklanýandygy bilen gyzyklanypdyr. Jaň eden kişiniň şahsyýeti belli däl.

Lesiniň jesedi 2015-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ak tamdan sähel uzaklykdaky “Dupont Circle” myhmanahanasyndan tapyldy. Medisina barlaglary netijesinde başda gelnen we martda aýan edilen kararda Lesiniň kütek predmet trawmasyndan ölendigi öňe sürüldi, ýöne onuň nähili usulda ölendigi “kesgitlenmedi”.

Mihaýil Lesin ozalky prezident Boris Ýelsiniň (çepde), onuň aýaly Nainanyň we gyzy Tatýana Dýaçenkonyň arkasynda dur.
Mihaýil Lesin ozalky prezident Boris Ýelsiniň (çepde), onuň aýaly Nainanyň we gyzy Tatýana Dýaçenkonyň arkasynda dur.

Emma 2016-njy ýylyň oktýabrynda Waşingtondaky prokuratura edarasy we şäher polisiýasy tarapyndan çap eden jemleýji hasabatda ölümiň sebäbi atdanlykda, ýagny merhumyň ýykylmagy netijesinde boýnuna, göwresine we gollaryna düşen ýaralar bilen düşündirildi. Etanol bilen ýiti zäherlenmek bolsa goşmaça faktorlaryň biri hökmünde agzaldy.

Bu hasabat bir zaman hökmürowan we baý adam bolan, Orsýetiň garaşsyz telewideniýesini basyp ýatyrmakda we halkara RT telekanalyny döretmekde Kreml üçin uly hyzmat bitiren Lesini gowy tanaýan adamlar, onuň iş tanyşlary tarapyndan uly şübhe bilen garşy alyndy.

2016-njy ýylda AÝ/AR bilen gürleşen we Lesiniň öli tapylan otagyna göni girmek mümkinçiligi bolan bir adam onuň öz otagynda ýekelikde ölmegi fiziki taýdan mümkin däl diýdi. Polisiýa tarapyndan çap edilen suratlar onuň ölen otagyndaky piwo hem-de likýor çüýşelerini, dollar banknotlaryny we polda bulaşyp ýatan eşikleri görkezdi. Lesniniň ýoldaşlary “Dupont Circle” myhmanhanasynyň onuň gymmatbaha harytlary we kaşaň myhman otaglaryny aşa gowy görmek gylygyna laýyk gelmeýändigini aýtdylar.

Mihaýil Lesin
Mihaýil Lesin

Lesin “Dupont Circle” myhmanhanasyndan öň wagtyny Waşingtonyň başga bir künjegindäki has kaşaň “Four Seasons”, ýagny “Dört pasyl” myhmanhanasynda geçiripdir.

Şäher polisiýasynyň hasabatyna görä, Lesin 3-nji noýabrda agyr içgili ýagdaýda gelende, “Dört pasyl” myhmanhanasynyň resmileri ABŞ-nyň gizlin gullugyna jaň edipdirler. Gizlin gulluk resmilere, hiç ýere gitmez ýaly, onuň gapysynda garawul goýmagy maslahat beripdir. Ol “Dupont Circle” myhmanhanasyna şondan bir gün soň ýerleşipdir.

Ölenden soň Lesiniň emläkleriniň käbiri ýuwaş-ýuwaşdan satyldy. Onuň gämisi 2016-njy ýylda Floridada satylan bolsa, 2017-nji ýylda Bewerli Hilzdäki iki jaýy $23 million we $29 million bahalarynda satuwa çykaryldy. Ol jaýlaryň satylyp-satylmany häzirlikçe belli däl.

XS
SM
MD
LG