Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Utrehtde ýaragly hüjümçiniň okundan bir adam wepat boldy, ençeme ýaralandy


Utreht, 18-nji mart, 2019

18-nji martda Gollandiýanyň Utreht şäherinde ýaragly hüjümçi tramwaýda ot açyp, azyndan bir adamy öldürdi we ençeme adamy ýaralady. Resmiler bu ýagdaýyň terrorçylyk bilen bagly bolmagy mümkin diýýärler.

Polisiýa hüjümçiniň heniz gaçyp gizlenýändigini aýdýar.

"Ok atyşygyň bolan ýeri 24 Oktoberplein Utreht ... Köp adam ýaralandy. Daş-töwerekdäki giňişlik gabaldy we biz ýagdaýy derňeýäris" diýip, Utrehtiň polisiýasy Twitterde ýazdy.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte häkimiýet başyndaky koalisiýasy bilen gepleşigini ýatyryp ýagdaý barada çykyş etdi.

Ýurduň Terrora garşy milli gullugynyň (NCTV) ýolbaşçysy Pieter-Jaap Aalbersberg "krizis boýunça geňeş" geçirendigini Twitter arkaly habar berdi.

XS
SM
MD
LG