Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň esasy köçelerinde ulaglaryň hereketi çäklendirildi


Bahreýin Patyşalygynyň patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň Aşgabada amala aşyrýan resmi sapary bilen baglylykda, soňky iki günüň dowamynda Aşgabadyň köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, 17-nji martda sagat 17:00-den 19:00-a çenli paýtagtyň merkezi köçeleriniň ýapylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu çäklendirmeleriň paýtagtyň esasy dört protokol köçesinde 18-nji martda-da dowam edendigini habar berdi.

Habarçy Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gypjak obasyna gidilýän ýoluň öýlän 4 sagatlap ýapyk bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty 18-nji martda günüň ikinji ýarymynda Bahreýniň patyşasynyň Gypjaga baryp, ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň kümmetine gül goýandygyny, soňra Ruhy metjide baryp görendigini habar berýär.

Habarçynyň sözlerine görä, öýlän Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, Arçabil köçesiniň, hatda protokol köçesi bolmadyk Ankara Atatürk köçeleriniň hem üç sgaatlap ýapyk durandygyny habar berdi.

TDH Bahreýniň patyşasynyň Gypjaga eden zyýaratyndan soň, günüň ikinji ýarymynyň dowamynda Aşgabadyp günortasyndaky Garaşsyzlyk binasyna-da gül goýandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň günorta künjegindäki hereket çäklendirmeleri ol ýerde ýerleşýän “Milli kitaphananyň”, “Milli medeni merkeziň” işine täsir etdi.

“Bular Garaşsyzlyk binasynyň gabadynda ýerleşýär. Merkeziň we kitaphananyň 15:00-21:00 aralygyndaky iş çalşygyna düşýän işgärleri hereket çäklendirmeleri sebäpli kösendi. Gypjaga, Gökdepä, onda aňry Balkan welaýatyna we beýlekilere barýanlar goýberilmändir. Ýogsam bolmasa olar aýlaw edip geçseler, Gökjäniň üstünden gidýän ýol bilen, ýa-da demir ýoluň ugrundan gidýän ýol bilen, gidilende-de Nyýazowyň gubury bar diýilýän metjitden bolmanda 3-4 kilometr sowa geçýär. Muňa garamazdan, oňa çykýan ähli köçeleri düýn günüň ikinji ýarymynda ýapypdyrlar” diýip, habarçy aýdýar.

Ol Aşgabatda köpçülikleýin transport serişdeleriň aglabasynyň ugrunyň üýtgedilendigini habar berýär.

“Türkmenistanyň hronikasy” 17-nji martda Magtymguly şaýolunyň günbatar böleginiň Andalyp köçesi bilen kesişýän ýerinden başlap ýapylandygyny, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň günbatar böleginiň hem halkara aeroporta barýança ýapylandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, diňe Gurbansoltan atly köçede ulaglaryň hereketine rugsat berildi, ýöne onda-da dykyn döredi.

“Şäheriň merkezi etraplarynyň käbirine hatda pyýada barmak hem mümkin bolmady” diýip, Türkmenistanyň hronikasy ýazýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda medeni we sport çärelerine, şeýle-de ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň saparyna gabatlap, esasy köçeler ýapylýar.

Aşgabatly habarçy şu günler ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli hem paýtagtyň köçelerinde ulaglaryň hereketiniň gysylýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, bu baýramçylyk mynasybetli welaýatlaryň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň köp sanly işgäri goşmaça howpsuzlyk çäreleri bilen bagly Aşgabada getirildi.

XS
SM
MD
LG