Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda hereket çäklendirildi


Arhiwden alnan surat

5-nji aprel güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, hususan-da şäheriň Parahat 1, Parahat 2/1 kiçi etrapçalarynda ýaşaýjylaryň hereket mümkinçilikleri çäklendirildi.

Türkmenistanyň döwlet telewizion kanallarynda her gün Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:00-de efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň gepleşiklerinden mälim bolşuna görä, ýurduň baştutany düýn günüň ilkinji ýarymynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Saglyk ýoluna”, günüň ikinji ýarymynda bolsa Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew paýtagtyň ýaşaýjylarynyň düýn duçar bolan hereket çäklendirmelerine prezidentiň gezelençleriniň sebäp bolandygyny çaklaýar.

“Aşgabat şäherinde irden-ä, dogrusy, beýle bir hereket çäklendirmesi bolmady. Boldy, ýöne esasan awtoulaglara degişli boldy. Ýöne, günüň ikinji ýarymyndan başlap pyýadalar babatynda-da şu çäklendirmeler juda güýçlendi. Olimpiýa şäherçesiniň gündogarynda ýerleşýän “Mir 1, Mir 2/1-2/2 mikroraýonlarynyň” ýaşaýjylary üçin hereket çäklendirmesi juda güýçlendi” diýip, ýerli synçy gürrüň berdi.

Hereket bökdençliklerinden gürrüňi edilýän etrapçalarda ýerleşýän mekdepleriň, hususan-da 48-nji, 52-nji, 51-nji, we 47-nji mekdepleriň täsirlenendigini, bu bilim edaralarynyň okuwçydyr mugallymlarynyň mekdep howlularyndan çykmaklaryna rugsat berilmändigini ýerli synçy gürrüň berdi.

“Döwlet baştutany orta hasap bilen giçlik sagat 17:00-de Olimpiýa şäherjiginden çykyp, başga ýola düşýänçä şol hereket çäklendirmesi bolupdyr” diýip, Bugaýew habar berdi.

Şeýle-de ol, Türkmenbaşy şaýolunyň gündogar ýakasyna degip duran jaýlaryň ýaşaýjylarynyň öz ýaşaýan jaýlaryna goýberilmändigini, olaryň öz girelgelerinden 100-150 metr daşlykda saklanandygyny aýtdy. Polisiýanyň we beýleki güýç gulluklarynyň raýatlaryň hereketine gözegçilik işlerine çekilendigini, bu kynçylyklary “egni bilen çeken” adamlaryň sözlerine salgylanyp, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

“Hatda, ata-eneleriň käbiri sagat 4-de 5-de, bolup bilse ýarym ýaş, 1 ýaşly çagalaryny çagalar bagyndan alyp, öz jaýyna girjegem bolanda, eli bäbekli gelinlere-de [öz jaýlaryna girmäge] rugsat edilmändir” diýip, Bugaýew belledi.

Sagat 17:00 töwereklerinde ýapyk köçäniň ugrunda görnen adamlaryň çem gelen jaýlaryň girelgelerine mejbury girmeli edilendigini, şeýlelikde ötegçileriň çem gelen ýaýlaryň girelgelerinde ýarym sagat 45 minut aralygynda garaşmaly bolandygy synçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde gürrüňdeşimiz protokol köçeleriniň gabadyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda awtoulaglary goýmak boýunça girizilen gadagançylygy ýerine ýetirmek üçin polisiýanyň alyp barýan berk çäreleriniň-de dowam edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Bu ýagdaýlar boýunça Aşgabatdaky beýleki bir çeşmämiz hem maglumat berip, soňky iki hepdäniň dowamynda irden sagat 8:00-den gije sagat 23:00-e çenli polisiýanyň jaýlaryň gapdalynda goýlan awtoulaglary ýaşaýjylara aýyrtmak çäresiniň gopgunly dowam edýändigini aýtdy.

Ol öz sözlerinde düýnki hereket mümkinçilikleriniň çäklendirmelerine-de degip geçip, ýagdaýy bulam-bujarlyk häsiýetlendirdi.

Ol haçan-da gije düşüp polisiýa agzalýan berk gözegçilik bilen bagly goh-galmagal edip başlasa, adamlaryň gazaplanýandygyny aýtdy.

Aşgabatda köçeleriň ýapylmagy täzelik bolman, mundan ozallaram adamlaryň hereket mümkinçilikleri çäklendirilip gelinýär. Şeýle kynçylyklar ýüze çykanda hassahana barýan, ýa-da gyssagly iş bilen köçä çykan adamlaryň hereketleriniň häkimiýetler tarapyndan çäklendirilmegi halkyň gündelik ýaşaýşyna oňaýsyz täsir ýetirýär diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar häli-şindi habarçylarymyza gürrüň berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG