Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen jemgyýetinde ýitýän çagalar barada alada artýar


Türkmenistanda ýiten çagalar baradaky bildirişler sosial media ulgamlarynda duş gelýär

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde ýiten çagalar baradaky bildirişler wagtal-wagtal peýda bolýar. Çagalaryň suratlary ýerleşdirilen we habarlaşmak üçin maglumatlar görkezilen bildirişler adatça girelgelerde asylýar ýa-da poçta gapyrjaklarynyň golaýynda goýulýar.

Ýiten çagalar baradaky bildirişler sosial media ulgamlarynda hem köp duş gelýär. Ilkinji nobatda Türkmenistanda meşhur bolan IMO ulgamynda.

Azatlygyň Aşgabatdaky söhbetdeşleri bu problema paýtagyň köpçülikleýin ýerlerinde hem gabat gelýändigini aýdýarlar.

“Teke bazarda elinde kiçijik gyzyň suratyny tutup, ýiten gyzynyň nirededigini anyklamakda kömek soraýan zenany birnäçe gezek gördüm” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmenistanda ýitýän çagalaryň sanyna degişli resmi statistika köpçülige elýeterli däl. Ýurduň habar beriş serişdeleri hem bu meseläni gozgamaýarlar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu meseläniň aktualdygyna ünsi çekýärler we onuň ýurtda resmi taýdan gozgalmazlygynyň ilat arasynda aladalanmalary güýçlendirýändigini belleýärler.

“Çagalar ýygy-ýygydan ýitýär. Emma ýerli habar serişdeleriniň meseläni gozgamaýandygy we ony çözmek üçin görülýän resmi çäreler barada halky habarly etmeýändigi sebäpli, ilatyň arasynda dürli çaklamalar döreýär. Çagalaryň organlar üçin ogurlanýandygy baradaky wersiýalardan başlap, çagalary aýallaryň alyp gidýändigi baradaky pikirler öňe sürülýär. Çagalar köplenç tapylmaýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bu problema barada Aşgabadyň polisiýasyndan we häkimliginden resmi kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Emma bildirişlerden soň çagalaryň tapylmagy ýaly şowly wakalar mälim boldy. Azatlyk käbir bildirişlerde görkezilen telefon nomerlere jaň edip, olaryň birinde çaganyň geçen ýyl tapylandygyny anyklady.

Türkmenistanda çagalaryň ýitmegine degişli ýagdaýy suratlandyrýan sanlar halkara guramalarynda hem ýok.

Sanlar

Şu günki gün öz maşgalalaryna dolanmadyk çagalaryň problemasy halkara derejesinde agyr meselä öwrüldi.

Diňe resmi taýdan hasaba alnan wakalara görä, tutuş dünýäde ýiten çagalaryň sany birnäçe milliondan aşýar we ol ýyl-ýyldan artýar.

Ýiten çagalary gözleýän merkezleriň halkara guramasynyň (GMCN) maglumatyna görä, ýylda ABŞ-da 424 müň çaga ýitipdir, Hindistanda 96 müň çaga, Britaniýada 65 müň, Kanadada we Orsýetde 45 müň. Bu diňe hasaba alnan sanlar.

Näme etmeli?

Statistika boýunça ýiten adamy üç günüň dowamynda tapyp bolýar. Onuň tapylmadyk ýagdaýynda dessine ol gözlege berilýär.

Bilermenler çaganyň ýiten ýagdaýynda wagty ýitirmän dessine onuň gözlegine çykmagy maslahat berýärler.

Çagalaryň ýitmegi meselesine ünsi çekmek we çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen her ýyl 25-nji maýda Ýiten çagalaryň halkara güni bellenýär.

Dünýäniň köp ýurdunda problemanyň öňüni almak üçin ene-atalara we çagalara çagalaryň howpsuzlygy barada yzygiderli maglumat berilýär. Şeýle-de, ýiten çagalary gözlemek işine meýletinçileri çekmek işi mahabatlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG