Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhyň synagy (2-nji bölüm): "Gaçan gutular, duran tutular"


Taryhy surat, awtor Sergeý Prokudin-Gorskiý
Taryhy surat, awtor Sergeý Prokudin-Gorskiý

"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sanynda geçen asyryň başlarynda owgan türkmenleriniň ata watandan owgan serhedine bosup çykmagynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri baradaky gürrüň dowam etdirilýär

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň geçen sanynda geçen asyryň 30-njy ýyllaryna çenli 350 müň töweregi adamyň türkmen topragyndan Owganystana bosup çykmagynyň aňyrsynda ýatan käbir sebäpler, olaryň soňky ykbaly, duçar bolan kynçylyklary barada gürrüň etdik. Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şol gürrüňdeşliklere dowam edýäris.

Taryhyň synagy (2-nji bölüm): "Gaçan gutular, duran tutular"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda sowet häkimiýetiniň ornaşmagy bilen geçen asyryň 30-njy ýyllaryna çenli adamlaryň ýüz müňläp ýurdy terk etmeginiň aňyrsyndaky käbir sebäpleri agzap geçdi. Ýazyjynyň nukdaýnazaryna görä, agzalýan köpçülikleýin migrasiýa esasy dört sebäpden gözbaş alýar. Olar şulardyr, ýagny, 1917-nji ýylda rus imperiýasynda Bolşewik rewolýusiýasynyň üstün çykmagy bilen döredilen Sowet Soýuzynyň çäginde häkimiýetleriň ýerli halkyň däp-dessurlaryny “yzagalaklyk” atlandyryp, täze kimligi – sosialist modernizmi, ýagny sosialist döwrebaplygy tabynlygyndaky raýatlara ýokardan diräp mejbur etmegi, “emeli döredilen basmaçylyk” hereketlerini basyp ýatyrmak ugrunda bolşewikleriň baş goşan zorlukly çäreleri, 1925 – 27-nji ýyllarda sowet çäginde durmuşa geçirilen ýer-suw reformasy, şeýle-de 1929 – 33-njy ýyllar aralygynda geçirilen kollektiwizasiýa prosesi.

Eýsem, bu sanalan sebäplerden ozal owgan topragynda türkmenler ýokdumy!? Bardy. Ýöne olaryň sany ýüzmüňlerçe däldi. Türkmenleriň owgan topragyna esasy gaçyşy sowet häkimiýetleriniň agzalan zabun syýasatyndan soň bolup geçýär.

Sowet ensiklopediýasynyň "jedelli" düşündirişi

1984-nji ýylda çap edilen “Türkmen sowet ensiklopediýasynyň” 6-njy tomunda owgan türkmenlerine şeýle jedelli düşündiriş berilýär:

“Takyk bolmadyk maglumatlara görä, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň sany 400 müň adama golaý bolup, olar Owganystanyň SSSR bilen araçäkdeş bolan Mazary Şerip welaýatynyň günbatarynda, Meýmene oblastynda, az sanlysy bolsa Badahşan oblastynda ýaşaýar. Olaryň köpüsi ärsary we alili taýpalaryna degişli bolup, galanlary salyr, saryk we teke türkmenleridir. Gadymy wagtlardan bäri Owgan türkmenleri Antguý, Akja, Balh, Şybyrgan we Meýmene feodal knýazlyklaryna garaşly bolupdyrlar.

Owgan türkmenleriniň ýaşan ýerleri Abdyrahman emiriň döwründe, ýagny 1885 – 1887-nji ýyllarda, rus-owgan araçägi gutarnykly bellenilenden soň, Owganystana birikdirilipdir. Şol wagtlardan başlap, owgan türkmenleri diňe bir türkmen feodallarynyň däl, eýsem owgan feodallarynyň hem sütemine sezewar bolupdyrlar” (Türkmen sowet ensiklopediýasy, 6-njy tom, 271-nji sahypa, 1984-nji ýyl)

Sowet ensiklopediýasyna görä, hamala, owgan türkmenleri “türkmen feodallary” we “owgan feodallary” diýilýänleriň sütemine sezewar bolupdyrlar. Belki-de olar feodallaryň däl-de, bolşewik häkimiýetleriň süteminden gaçyp Owganystana sygynandyr!? Ensiklopediýa irki döwürleriň türkmen baýlaryny “feodallar” atlandyrýar.

Ensiklopediýa rus-owgan araçäginiň 1885-1887-nji ýyllarda bellenendigini belleýär. Bu döwürler Rus imperiýasynyň häzirki Türkmenistanyň demirgazyk çäginiň garaşly bolan Hywa hanlygyny, gündogar böleginiň garaşly bolan Buhara emirligini tabyn etmeginden 15-20 ýyl soňa, häzirki Türkmenistanyň günbatar-günortasyny, günortasyny we günorta-gündogary basyp almagynyň, ýagny ganly Gökdepe söweşiniň yzýanyna, Merwi anneksiýa etmeginiň edil yzýanyna gabat gelýär.

Rus-owgan çäginiň kesgitlenmegi we owgan türkmenleri

19-njy asyryň aýaklaryna çenli Merkezi Aziýa sebitlerine we onuň töwereklerine öz täsirini ýetiren “The Great Game” , ýagny “Beýik Oýun” atlandyrylan rus-britan garşydaşlygy rus-owgan çäginiň bellenilmeginde-de uly rol oýanaýar.

Rus-owgan çägi, ýagny häzirki türkmen-owgan serhediniň kesgitlenilmegi, taryhy maglumatlara görä, Rus imperiýasynyň Merwi anneksiýa etmeginiň edil yzýanyna gabat gelýär.

Britan hökümeti resmi pozisiýasyny mälim edip, Merwiň anneksiýa edilmegine protest bildirse-de, ýurduň premýer ministri ak patyşanyň Merwi anneksiýany edendigini çykyşynda kabul edýär.

The Times gazetiniň 1884-nji ýylyň 21-nji fewralynda çap edilen sanynda şol wagtky britan premýer ministri Wiliam Iwart Gladstonyň (William Ewart Gladstone) sözleri getirilýär; onda Gladston ak patyşanyň Merwi öz territoriýasy hökmünde kabul edendigini aýdýar.

Owgan topragynda agalyk ýöredýän britanlar rus-owgan çägi barada öz pozisiýalaryny mälim edýärler.

Pall Mall Gazette neşiriniň 1884-nji ýylyň 5-nji martynda çap bolan sanynda rus-owgan serhedi boýunça britan hökümetiniň ýokary wezipeli resmisi Ser Çarlz Dilke (Sir Charles Dilke) çykyş edýär:

Biziň pozisiýamyz belli. Oksusyň (Amyderýanyň) demirgazygy Owganystanyň çägine girmeýär, ol territoriýalarda Russiýanyň öz eli öz ýakasy. Ol islese öňe süýşer ýa yza çekiler; islese garnizon gurar, agentlerini goýberer; islese anneksiýa eder, islese gorar; öz bähbitlerine we tabynlygyndaky aziýalylaryň bähbitlerine görä, näme islese, haçan islese şony eder!” diýip, ol aýdýar.

Şonda kagyzda çyzylan serhediň owgan tarapynda galan türkmenler, soňy bilen-de serhediň aňyrsynda galýarlar. Ýöne türkmenleriň owgan topragyna esasy köpçülikleýin migrasiýasy Sowet Soýuzynyň döredilmeginden soň başlaýar.

Basmaçylyk hereketi diýilýän

1917-nji ýylyň oktýabrynda häkimiýete ele geçiren sowet häkimiýetleri 1917-nji ýlyň noýabr aýynda rus imperiasynyň tabynlygyndaky Türkistan guberniýasynyň adyny Türkistan awtonom sowet respublikasy diýip üýtgedýärler. 1917-nji ýylyň dekabr aýynda sebitiň öňdebaryjy musulmanlary Kokand şäherine ýygnanyp, özleriniň Türkistan awtonom sowet respublikasyny inkär edýändiklerini, oňa derek Kokand respublikasynyň döredilýändigi hakynda karar kabul edýärler hem-de bolşewizmiň syýasatyny doly ýazgarýarlar. Bolşewikler Merkezi Aziýada özlerine garşy döredilen bu hökümeti ýok etmek üçin herekete geçýärler. Munuň netijesinde, “basmaçylyk” hereketi diýilýän döreýär. Ýazyjy Bugaýewiň sözlerine görä, bolşewikleriň “basmaçylyk” atlandyran hereketleri, aslynda Merkezi Aziýada graždanlyk urşudy.

“Basmaçylyk hereketleri diýilýänini başlan Orta Aziýanyň ýerli milletleri, türkmenler, özbekler, gazaklar, gyrgyzlar, garagalpaklar däl-de eýsem, [basmaçylyk hereketleri diýilýäni]bolşewizmiň özüniň sibirden getiren goşunlary, ýa-da bolmasa Orta Aziýada ýaşaýan patyşa rus imperatoryna eden harby kasamyndan dänen harbylaryň [Merkezi Aziýada] parahat ilaty gyrmagyndan başlanýar. Bu özbaşyna uly tema” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkistan awtonom sowet respublikasynyň ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýew 1922-nji ýylda "Basmaçylyk" hereketlerine garşy bolşewikleriň gören çärelerini tankyt etdi
Türkistan awtonom sowet respublikasynyň ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýew 1922-nji ýylda "Basmaçylyk" hereketlerine garşy bolşewikleriň gören çärelerini tankyt etdi

Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýada bolşewikleriň “basmaçylyk hereketi” atlandyrýan, ýöne aslynda graždanlyk urşy bolan gandöküşikli hereketler 1917-nji ýylyň dekabryndan 1933-nji ýylyň aýaklaryna çenli dowam edýär. Munuň netijesinde-de köp sanly adam janyny halas etmek üçin owgan ýa-da eýran serhedine bosup çykýar.

Ýer-suw reformasynyň mejbury migrasiýa täsiri

Aşgabatly ýazyjy we taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew bu mejbury migrasiýanyň sebäpleri baradaky gürrüňe şeýle dowam edýär:

“Orta Aziýanyň beýleki ýerlerinde-de Türkmenistanda-da 1925-nji ýylda [söwet häkimiýetleri] ýer-suw reformasyny geçirýär. Şol ýer-suw reformasy geçirilende adamlaryň elinden ýerlerini alyp, ony daýhanlara paýlamak, ýene gaýry etmek diýen ýaly kagyz ýüzündäki zatlar bolup geçýär. Ine, şol döwürden başlap, ýeri suwy elinden alnan gurply hojalyklar özüniň dogan-garyndaşy bilen, özüniň sözüne gulak asýan adamlar bilen serhetden aşyp başlarýarlar” diýip, Bugaýew düşündirdi.

Yza dolanmak islegi we täze ýurda ornaşmak

Ýöne geň ýeri, ýeri-suwy ellerinden alnan hojalyklar türkmen topragyndan göçüp, Owganystana ilki baranda-da ol ýerde öz eýeçiligine ýer geçirmäge synanyşmaýar. Tersine, “haçan-da bolsa yzyma dolanaryn” diýen niýet bilen ýaşaýar, olaryň aglabasy özüniň Owganystana wagtlaýyn barandygyna ynanýar. Şeýlelik bilen ol ýere-de ornaşyp bilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady gürrüň berýär, Owganystana bosup giren türkmenleriň sözlerine salgylanýar:

“Biz mejbur bolduk diýip, gürrüň berýärler. “Owganystana geldik, ýöne Owganystana gelip hem biz yzyma dolanyp gideris, biziň watanymyz azat bolar” diýip, ýer-ýurt hem edinmändirler bärde kän. Olar Owganystana gelenlerinde ýer alyp, zat etmändirler, olar ýaly ýer hem berilmändir şol döwürlerde. Olar bosgun bolup ýaşapdyrlar ençeme ýyllap. Soň ýuwaş-ýuwaşdan bärde ýerli ýaşaýjylar bilen ornaşyp, şeýdip ýaşapdyrlar. Şonuň üçin [Owganystandaky] türkmenlerde ýer-ýurt hem kän däl, az. Şol “yzymyza dolanarys, atawatana gideris, öz jaýymyza bararys” diýen dilegde bolupdyrlar” diýip, Myrady aýtdy.

Onuň Owganystana bosup baran adamlar bilen 20 ýyl töweregi mundan ozal alan reportažlary arhiwde bar. Şolaryň hatarynda Oguldurdy daýza heniz 3 ýaşynda wagty Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan Owganystana göçüp gidýär. Onuň gürrüňlerinden çen tutup hasaplasaň, olar Türkmenistanda 1920-nji ýyllaryň başlarynda çykyp gaýtdyklary bolýar. Ol başdan geçirmelerini gürrüň berýär:

“Biz ilkibaşda Andhoýa geldik. Andhoýda jaý aldyk, howly edindik, oturdyk, soňra bolsa tokaýa geldik” diýip, ol aýdýar.

Oguldurdy daýza ene-atalarynyň , dogan-garyndaşlarynyň Türkmenistanda galdyran emläklerini ýatlaýar:

“Ketde-ketde howlularymyz galdy, tutlarymyz galdy, myhman tamlarymyz galdy... Jaýlarymyz dagy jaýa meňzeş ekeni. Galsa alaç näme!?” diýip, Oguldurdy daýza takdyra ten berýär.

Kollektiwizasiýa

Taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew türkmenleriň Owganystana eden köpçülikleýin göçüşleriniň ýa-da başgaça aýdylanda gaçyşlarynyň aňyrsynda ýatan beýleki esasy sebäpleriň birini düşündirýär:

“1929-njy ýyldan başlap kolhoz gurluşy diýlen bir zady adamlaryň boýnuna dakýarlar. Ynha, şondan başlap adamlary baý-kulak diýip öz ýurdunyň daşyna sürgün etmeklik başlanýar kolhoz gurluşygy ýyllarynda. Özi-de ýokardan berilýän ýörite planlar bolupdyr. Meselem, Orsýetde pylança adam kulakçylyga çekildi. Orta Aziýada-da Türkmenistanda-da hökman şonça baý bolaýmaly diýýärler. Geň fakt, şol döwürlerde, ýagny 30 – 31-nji ýyllarda Türkmenistan Kompartiýasynyň birinji sekretary bolup işlän Ýakow Popok şeýle hasabat bilen çykyş edýär 1931-nji ýylyň sentýabrynda: Bize 1929-njy ýylda 1 ýylyň dowamynda 2.000 adamy kulakçylyga çekmek hakynda ýokardan plan berildi, görkezme berildi, bz muny artykmajy bilen berjaý etdik diýýärler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

1929 – 1933-njy ýyllar aralygynda Sowet Soýuzynyň çäginde şol sanda Türkmenistanda kollektiwizasiýa prosesi bolup geçýär. Bugaýewiň maglumatlaryna görä, bu prosesiň dowamynda-da mal-mülküni ellerinden aldyran onmüňlerçe türkmen owgan ýa-da eýran serhedine aşyp ýurdy terk edýär. Ýöne sowet häkimiýetleri yzda galdyran maglumatlarynda kolhozlaşdyrmak çäreleriniň daýhanlaryň öz meýline amala aşyrylandygyny aýdýar. Türkmen Sowet ensiklopediýasy kolhozlara, ýagny kollektiw hojalyklara şeýle düşündiriş berýär:

“Kollektiw hojalyklar – SSSR-de iri sosialistik oba hojalyk önümçiligini jemgyýetçilik önümçilik serişdeleri we kollektiw zähmet esasynda, bilelikde alyp barmak üçin meýletin birleşen daýhanlaryň kooperatiw guramasydyr... Türkmenistanda kolhoz gurluşy 1929 – 1933-nji ýyllar aralygynda geçirildi”

Bugaýewiň gürrüň bermegine görä, şol döwürlerde ýurdy terk eden adamlaryň yzda galan emläkleri kolhozlaryň haýryna geçirilýär.

Kolhoz sözi halkyň aňyny ymykly girýär, “Kolhoz uçguny”, “Kolhozçy sesi”, “Kolhoz aktiwisti” ýaly gazet-žurnallar çap edilýär. “Kolhozçy” meýletin sport jemgyýeti, “Kolhozçy” futbol komandasy ýaly toparlar döredilýär. Ýöne şäherleşmek prosesiniň batlanmagy bilen “kolhoz” ýa-da “kolhozçy” sözi il arasynda öz-özünden negatiw häsiýete eýe bolup başlaýar.

Kolhozlaşdyrmak prosesiniň başlanmagy bilen “halk duşmany” yglan edilýänleriň hem sany barha artýar.

“Gaçan gutular, duran tutular” diýýär türkmen. Men munuň haçan dörän nakyldygyny bilemok. Belki-de şol 30-njy ýyllara, 20-nji ýyllara ýanalyp döredilen nakyl bolmagam mümkin. Bu taryhyň gaty ganly sahypasy, ýöne garaşsyzlyk döwründe, ynha 30 ýyl bolup barýar, şu temanyň golaý-goltumyna-da gelenoklar. Owganda ýaşaýan, eýranda ýaşaýan türkmenler biziň ganybirlerimiz. Olar watanyndan-da mal-mülkünden-de jyda düşen adamlar. Olara mümkingadar, iň bolmanda, ata-babalarynyň ruhy siňen, ata-babasynyň aýak yzy galan topraga erkin gelip gitmäge, gerek bolsa özüniň ata watanynda maşgalasy bilen ýaşamagyna şert döretmeli. Bu zatlar karam oýun bolýar” diýip, Bugaýew gürrüň berýär.

Ýöne bu maglumatlaryň garaşsyz Türkmenistanda üsti açylmaýar. Bulara barada ýaş nesliň maglumat mümkinçilikleri juda çäkli bolmagynda galýar. “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren interwýusynda häzirki wagtda Russiýada bilim alýan türkmen studenti munuň şeýledigini gürrüň berýär. Ol howpsuzyk ýagdaýlary sebäpli öz adynyň efirde Paýzygeldi diýip tutulmagyny sorady:

“Mekdep programmasynda taryh sapaklary bar welin, ýöne şonda men “owgan türkmenleri” diýen tema programmada bardyr öýdemok. Bar bolanda, sähelçe bolanda ýadyma düşerdi, elbetde. Soň, SSSR döwründe ýurtlar bitarap bolup, aýrylyp, çykyp, şonda owganyň “granisasynda” galyp, şolar ýaly bolup galandyr-da. Häzirki döwürde-de olara Türkmenistanyň raýatlygyny almak kyn. Olaryň gürleýişem Lebap iline ýakyn bolansoň, ärsary dilinde gepleýän ekenler “bolýo, gitýo” diýip” diýip, ol aýtdy.

Biz Paýzygeldiniň bu sözleri bilen gepleşigimizi jemleýäris.

XS
SM
MD
LG