Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň bolanyna 100 ýyl boldy


Aşgabatda Leniniň monumenti
Aşgabatda Leniniň monumenti

7-nji noýabrda taryhda uly waka bolan "Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň" amala aşan gününe 100 ýyl boldy. Köne hasap bilen 1917-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda bolan hökümet agdarylyşygy soňlugy bilen şeýle atlandyryldy hem ol biziň taryhymyza şeýle at bilen girdi.

Türkmenistan döwleti bu rewolýusiýadan öň patyşa Russiýasynyň garamagynda bolansoň, oňa gatnaşan, dahylly bolan ýurtlardan birine öwrüldi. Başgaça aýdylanda, Türkmenistan döwleti sosialistik rewolýusiýa gös-göni dahylly bolup durýar.

Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sosialistik jemgyýet döredildi. SSSR-iň emele gelmegi bilen Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasy emele geldi hem onuň özbaşdaklygy jar edildi. Şonuň bilen birlikde, ýurtda kollektiwizasiýa hem beýleki mejbury sosialistik çäreler amala aşyryldy. Türkmenistan sosialistik jemgyýetiň düzüminde bolup, kommunizm zamanasyny doly başdan geçirdi.

Kommunistler tarapyndan mejbury ýagdaýda amala aşyrylan çärelerde, türkmen halky Dählibaba gyrgynçylygyny, Garryçyrla gyrgynçylygyny, Kerkiniň ýokarsyndaky Gyzylaýak gyrgynçylygyny, Tagtabazardaky gyrgynçylygyny başdan geçirdi. Müňlerçe adam bolşewikleriň ýowuz syýasaty bilen ylalaşman, öz ata Watanyny terk etmäge mejbur boldy.

Ahyrky netijede, SSSR-iň dargamagy bilen Türkmenistan döwleti öz garaşsyzlygyny aldy. Şondan soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasy diýilýän taryhy wakanyň ýyl dönümleri bellenmeýär.

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň bolanyna 100 ýyl boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:16 0:00

XS
SM
MD
LG