Indoneziýanyň kurort adasy Baliden orangutany gaçakçylyk ýoly bilen çykarmakçy bolan russiýaly syýahatçy tussag edildi.
Baliniň ýerli resmileriniň 24-nji martda beren maglumatyna görä, 22-nji martda 27 ýaşly Andreý Žestkow Russiýa uçmak üçin aeroportyň barlagyndan geçýän pursady ele salnypdyr.
Žestkowyň goşlarynyň içinden 2 ýaşyndaky uklap ýatan orangutan çykypdyr. Mundanam başga, gümrük işgärleri gizlenen iki gekkony we bäş hažžygy tapypdyrlar. Jandarlaryň ählisi diridi.
Indoneziýada orangutanlar kanun tarapyndan goralýar.
Eger-de, Žestkow günäli tapylsa, oňa bäş ýyl türme tussaglygynyň we 7 müň dollar pul jerimesiniň berilmegi mümkin.