Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Inguşystanda müňlerçe adam protest geçirýär


Inguşystanda protest geçirýän adamlar. 26-njy mart, 2019 ý.

Russiýanyň Inguşystan regionynda müňlerçe adam ýurduň Çeçenistan bilen dawaly serhet ylalaşygyna garşylyk görkezip, protest çäresini geçirdi. Olar bu ylalaşygyň çäginde ýeri alyş-çalyş etmegi ýazgaryp, Inguşystanyň ýolbaşçysy Ýunus-Bek Ýewkurowa wezipeden çekilmäge çagyryş edýärler.

26-njy martda regionyň paýtagty Magasda ençeme sagatlap geçirilen ýörişe polisiýa ýakyndan gözegçilik etdi. Bu ýöriş häkimiýetleriň rugsady esasynda geçirildi.

Sentýabr aýynda Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow we Ýewkurow ýapyk gapylaryň aňyrsynda ylalaşyga gol goýansoň, Inguşystanda giň gerimli protestler geçirildi.

Täze ýörişler serhet ylalaşygy bilen bagly Ýewkurowa garşy edilýän basyşlary artdyrdy.

Ýewkurow we Kadyrow ylalaşygyň iki ýurduň parlamentleri tarapyndan tassyklanandygyny aýtdylar. Inguşystandaky protestçiler ýurduň käbir böleginiň adalatsyz Çeçenistana berilýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG