Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylardan prezidentiň kitaplaryny satyn alyp, mekdeplere tabşyrmak talap edilýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylardan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny satyn alyp, olary mekdebe tabşyrmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri anonim şertde habar berýär.

“Geçen hepde paýtagtyň 12-nji, 50-nji, 48-nji, 160-njy we 54-nji mekdepleriniň mugallymlary bahar kanikullaryndaky 10 we 11 klas okuwçylary mekdebe çagyryp ýa-da olara jaň edip, her birine prezident Berdimuhamedowyň bir kitabyny almagy tabşyrypdyrlar. Şeýle-de, mugallymlar haýsy okuwçynyň prezidentiň haýsy kitabyny almalydygy barada sanaw hem düzüpdirler” diýip, çagasy bu mekdepde okaýan ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 26-njy martda gürrüň berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, mekdep mugallymlary okuwçylara bu kitaplaryň hususy eýeçilikde galmaly däldigini, olaryň mekdepde täze dörediljek hemişelik sergide ýerleşdiriljekdigini, ýagny mekdebiň eýeçiligine tabşyrmalydyklaryny hem aýdypdyrlar.

“1-nji maýdan başlap paýtagtyň orta mekdepleriniň ählisinde prezidentiň ähli kitaplarynyň hemişelik durjak ýörite sergisi guralýar. Bu sergi mekdebe geljek ene-atalaryň we myhmanlaryň gözüne iljek ýerinde ýerleşdirilýär. Bu sergide ýerleşdiriljek kitaplary satyn almak bolsa, okuwçylara tabşyrylmeli edilipdir. Bu barada mekdep ýolbaşçylaryna tabşyryk berlipdir” diýip, habarçy Çoganlydaky we Parahat etrapçasyndaky mekdep müdirleriniň azyndan ikisine salgylanyp, gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu mekdep müdirleriniň anyk şahsyýeti barada maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy prezidentiň her bir kitabynyň ýa-da bir tomlugynyň ortaça 400 manada barabardygyny aýdyp, bu tabşyrygy eşiden ene-atalaryň ençemesiniň mekdep mugallymlarynyň we ýolbaşçylarynyň ýanyna barandygyny hem belleýär.

“Geçen anna we şenbe günleri 12-nji, 160-njy, 54-nji mekdeplere baran ene-atalaryň köpüsi ‘400 manat meniň alýan aýlygymyň ýarysyndan hem köp. Biz kitaby satyn alsak, soň näme iýip-içmeli?’ diýensoň, mekdep ýolbaşçylary olara ‘Garaşyň, biz özaramyzda maslahat edip, gelen netijämizi size habar bereris’ diýipdirler. Şondan soňra mekdep ýolbaşçylary her iki okuwçy bolup, prezidentiň bir kitabyny satyn almaly edipdirler. Haýsy okuwçylaryň haýsy kitaplary satyn almalydygy barada täzeden düzülen sanaw ene-atalara ýetirilipdir hem-de ony 1-nji maýa çenli satyn almak tabşyrylypdyr” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, döwlet baştutanynyň çapdan çykan kitaplarynyň sany 54-e barabar.

Bu kitaplaryň ählisi Berdimuhamedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geçeninden soňra 12 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çapdan çykdy. Azatlyk Radiosynyň türkmen lideriniň döwlet başyna gelmezinden ozal çapdan çykan kitabynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň prezidentiniň awtorlygynda çapdan çykan kitaplaryň arasynda “Paýhas çeşmesi”, “Çaý melhem hem ylham”, “Gadamy batly bedew”, “Arşyň nepisligi”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly dürli ugurlar boýunça ýazylan işler bar.

Belläp geçsek, Berdimuhamedowyň kitaplary ýurduň mekdeplerinde ýa-da käbir edara-kärhanalarynda bölekleýin ýerleşdirilse-de, onuň ähli kitaplarynyň hemişelik durjak ýörite sergisi ilkinji gezek guralýar.

Ýatlatsak, mundan ozal, has takygy ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe orta mekdepleriň we edara-kärhanalaryň tas ählisinde “Mukaddes Ruhnama” atly otag döredilipdi. Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ýuwaş-ýuwaşdan ýapylan bu otaglarda Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby bilen hatarda, başga-da 10-a golaý kitaby hemişelik sergide durýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG