Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tebigy heläkçilik: Türkmensähradaky we Balkandaky güýçli sil hem-de suw joşmalary


Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Gülistan welaýatynda düşürilen surat

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýranyň il arasynda Türkmensähra atlandyrylýan sebitlerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran bilen araçäkleşýän regionlarynda ýüze çykan soňky howa hadysalary we olaryň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsiri barada gürrüň edilýär.

Eýranyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýan etniki türkmenler Nowruz baýramyny sil suwnunyň astynda yzan-da-çuwanlykda garşy aldy. Eýranyň dürli welaýatlary, şol sanda il arasynda Türkmensähra atlandyrylýan ýerleriň ilaty tas soňky 10 gün bäri agyr silden we suw joşgunyndan ejir çekýär.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýranyň il arasynda Türkmensähra atlandyrylýan sebitlerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran bilen araçäkleşýän regionlarynda ýüze çykan soňky howa hadysalarynyň netijesinde dörän suw joşguny we olaryň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsiri barada gürrüň edilýär.

Tebigy heläkçilik: Türkmensähradaky güýçli sil we suw joşmalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:02 0:00


"Yzan-da-çuwanlyk"

Eýranyň “Mehr” habar gullugy 28-nji martda silde wepat bolan adamlaryň ýurt boýunça umumy sanynyň 44 adama ýetendigini habar berdi. Soňky 10 gün bäri ýurt boýunça, şol sanda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlarynda sil suwundan ejir çeken oba-şäherlerdäki ýaşaýyş-durmuşy görkezýän wideolar sosial media ulgamlarynda giňden paýlaşylýar. Olardan mälim bolşuna görä, sil we onuň yzýany dörän suw joşguny il arasynda, şol sanda Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda sözüň doly manysynda yzan-da-çuwanlyk döretdi.

Asly eýranly aktiwist Ýusup Kor Azatlyk Radiosy bilen 29-njy martda geçirilen telefon söhbetdeşliginde sil suwuna şaýat bolan ildeşleriniň ençemesiniň sözlerine salgylanyp, Türkmensähradaky soňky ýagdaýlary suratlandyrdy:

“Mart aýynyň 21-de Nowruz baýramy bellenilýär. Nowruz baýramyndan 3-4 gün öňünçä başlaýar; howanyň bulanmagy, gaýly howanyň gelmegi... Howa gaýlap başlaýar, ýel ösüp başlaýar, yzyndan-da çabga gelýär. Yzyny üzmäni doly ýagýan ýagyna çabga diýilýär. Iki güne ýakyn, bir gün ýarym dynmany ýagýar, soňra 1-2 gün dynjak ýaly edýär, dynýaram-da, soňra ara berip, 1-2 günden soňra ýene-de ýaňadandan ýagyş ýagýar. Bu ýagyş şäherleri, obalary, ekin meýdanlaryny, baryny suw basýar şeýdip” diýip, Kor aýtdy.

Azatlyk Radiosy Eýranyň Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryna baran sil barada 25-nji martda habar berdi.

Şonda Eýranyň Türkmenistan bilen serhetdeş Gülistan welaýatynyň Akgala şäheriniň häkimi Amangeldi Zamiri, şähere sil suwunyň gelmegine bäş gün bolandygyna garamazdan, Akgala şäherinde we onuň 37 obasynda ýagdaýlaryň ýaramaz bolmagynda galýandygyny gürrüň berdi.

Zamiriň 25-nji martda ISNA habar agentligine beren maglumatyna görä, Akgalanyň etrapçalarynda sil suwunyň beýikligi bir we bir ýarym metr aralygynda saklanyp galýar.

“Akgala şäheri bäş bölege bölünýär. Her bölege ýerli gulluklaryň 10 işgäri bellenildi. Olar ilata azyk önümlerini paýlamak we ýardam bermek işlerini amala aşyrýarlar. Bu zatlary paýlamak işleri obalarda hem amala aşyrylýar” diýip, Zamir aýty.

Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Gülistan welaýatyndan düşrilen surat
Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Gülistan welaýatyndan düşrilen surat

Gülistan we Mazandaran welaýatlarynda siliň gelmegi dowam edýän mahaly, sil suwy Gürgen aeroportuna hem baryp ýetdi. Şeýle-de, siliň gelmegi bilen bagly Eýranyň alty welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

24-nji martda Gülistan welaýatynyň häkimi Mirhammad Garawi Akgalanyň üçden iki böleginiň suwuň aşagynda galandygyny, bu şähere barýan ýollary hem sil suwunyň gabap alandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol şäheriň çetindäki ençeme obada agyz suwunyň elýeterli däldigini aýdyp, olara howadan ýardam bermek işleriniň dowam edýändigini belledi.

Suw joşmalary

Ýusup Koruň Eýrandaky köp sanly etniki türkmenleriň sözlerine salgylanyp, gürrüň bermegine görä, güýçli sil soňy bilen derýalaryň joşmagyna getirýär:

“Ýagşyň çabga görnüşinde şeýle bir güýçli ýagmagy bilen bütin, hemme ýerleri suw basýar. Onuň yzyndan dagyň suwy hem gelip başlaýar: Gürgen çaýy, Garasuw çaýy, Türkmensähraň gündogar tarapyndan, Horasandan gözbaş alyp gaýdýan Etrek derýasy, şolaryň barynyň suwy joşup başlaýar. Onsoň, gurlan bentler bar; sementden, “simandan” we toprakdan gurlan bentler bar. [Suw joşguny] toprakdan gurlan bentleriň baryny böwsüp geçýär” diýip, Kor şaýatlara salgylandy.

Suw joşguny Kümmet Howuzdan has gündogara Akgala şäherine süýşýär. Akgala şäherini suw basýar. Ilat ejir çekýär. Aktiwistiň sözlerine görän, eýranly häkimiýetler şeýle tebigy hadysalary öňünden çaklap, halka öňünden duýduryş bermelidi. Bu siliň ýetirjek zyýanyny azaltmak jähtden örän wajyp bolup durýar:

Howany öňünden çaklamak

“Gaydmy Astrabad, häzir Gürgen diýilýän şäherde uniwersitet bar. Şolaryň barysynda “klimatologiýa” okadylýar, hemmesinde ekspertler bolýar şol merkezlerde. Hökümetiň beýleki organlarynda-da şolar ýaly. Nädip hökümet öňünden halka duýduryş bermeýär, bu birinji mesele. Ikinjiden, nädip gerek çäreler wagtynda görülmeýär!? Hökümet öz wagtynda öz iline, öz halkyna şular ýaly, hiç haçan ozal görülmedik, çendenaşa ýagşyň 2-3 günläp ýagjakdygyny, gelýän tupanyň, gaýyň nähili bolup gidişini ekspertleriň kömegi bilen hasaplap durmaly, adamlara duýduryş berip durmaly, habar berip durmaly, telewideniýäniň üsti bilen, internetden, radiodan, beýlekiden umuman hemme mümkinçiliklerden” diýip, Kor aýdýar.

Bu aralykda Eýranyň Meteorologiýa agentligi 26-njy martda üstümizdäki günlerde Eýranda ýurduň dürli künjeklerinde güýçli siliň gelmegine garaşylýandygyny duýdurdy. Agentlik Tähranda sişenbe we çarşenbe günleri sil gelmegine garaşylýandygyny duýdurdy.

Gülistan welaýaty suw astynda galdy. Media maglumatlarynda şäherde hereket mümkinçilikleriniň diňe gaýyklar bilen çäklenýändigi habar berildi.

26-njy martda Twitter sosial media ulgamynda peýda bolan wideoda Gülistan welaýatyna wekilçilik edýän bir kanun çykaryjy gaýykda siliň ýetiren zyýanny barlaýar. Gülistan welaýatynda etniki türkmenler köpçülik bolup ýaşaýar.

Eýran we Türkmensähra

Eýran yslam respublikasynda hökümet Türkmensähra adyny remsi derejede ykrar etmeýär. Ýöne etniki türkmenleriň arasynda Türkmenistanyň günorta-gnübatar araçäginden başlap, Hazar deňziniň aýlawyndan, aktiwistiň sözlerine görä, tä Eýranyň 80-100 kilometr içine çenli bolan aralykdan gündogarda Maşada çenli uzap gidýän giňişlige Türkmensähra diýilýär. Hökümet bu ady resmi derejede ykrar etmeýär:

“Türkmensähra diýilende Türkmenistan jemhuriýetiniň araçäginden geçip, günorta tarap hereket etseň Hazar deňziniň aýlanýan çetine çenli bütin türkmen ýaşaýar, Hazar deňziniň ýakasynda. Şondan gündogara tarap, tä Maşat şäherine, Horasan welaýatyna çenli gidiberseň, tutuş türkmen ýaşaýar” diýip, Kor aýtdy.

29-njy martda “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren interwýusynda aşgabatly publisist ýazyjy we taryhy öwreniji Amanmyrat Bugaýew Türkmensähra topraklarynyň Eýran bilen Rus impreiýasynyň arasynda 1828-nji ýylda gol çekilen “Türkmençaý” şertnamasy bilen Eýrana berlendigini gürrüň berdi:

“1828-nji ýylda çekilen serhetdir şol. Orsýet bilen Eýran şalygynyň arasyndaky “Türkmençaý” şertnamasy diýilýär. 1828-nji ýyl – ýene-de 9 ýyldan türkmenlere geňeşilmezden Türkmensähranyň [türkmenleriň] elinden alynmagyna 200 ýyl bolýar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Eýran bilen Rus imperiýasynyň arasynda gol çekilen Türkmençaý şertnamasy bilen Ýerewan we Nahçiwan hanlyklary rus hökmürowanlygyna geçirilýär. Ylalaşykda olardan başga-da çäkler kesgitlenýär, şol sanda ýazyjy Bugaýewiň türkmenleriňki atlandyrýan topraklary hem Eýranyň hasabynda galýar. Ol döwürlerde tire-taýpa dagynyk ýaşaýan türkmenleriň institutlaşan döwlet gurluşy ýokdy. Şol sebäpden olaryň resmi taýdan halkara derejede ykrar etdiren territorial bitewiligi hem ýokdy. Munuň şeýledigini taryhy çeşemeler aýdýar.

Geň ýeri, 1828-nji ýylyň 10-njy fewral güni gol çekilen 16 maddalyk Türkmençaý şertnamasynyň tekstiniň doly görnüşi häzirki wagtda Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda dolulygyna çap edilýär. 16 maddalyk Türkmençaý ylalaşygynyň adyndan başga hiç ýerde türkmen sözi ýeke gezek-de agzalmaýar.

Hökümet halkyň dadyna "giç ýetişdi"

Türkmensährä baran sil we onuň yzýany “däli-porhan bolup” joşan suw barada gürrüňe dowam edip, asly eýranly syýasy aktiwist Ýusup Kor sebitden gelýän wideo ýazgylara we beýleki maglumatlara esaslanyp, Eýran hökümetiniň ýerli halkyň dadyna giç ýetişendigini öňe sürdi:

“Gelýän wideo ýazgylarda-da bar şol, ýazylýan tekst ýazgylarda-da bar; hökümet tarapyndan az goldaw gelýär, wagtynda hiç hili gelip bilmediler, haçan suw basyp barjak derejesine baryp, berjek zelelini berenden soňra, hökümet herekete geçdi diýýärler” diýip, Kor aýtdy.

Eýran türkmenleriniň arasynda suw joşgunynda düşürilen wideolar sosial media ulgamlarynda paýlaşylýar. Olarda köçelerde gaýykly gezip ýören adamlar, tamlaryň üçeginden suw astynda galan köçeleri wideo düşürýän adamlar, depesine çenli suwa çümen ýük ulag maşynlary, silde harap bolan goýun geçiler we beýlekiler görkezilýär.

Türkmenistanyň resmi duýgudaşlygy

26-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranda güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.

Ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda şeýle diýilýär:

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi”

Şeýle-de, habarda “iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapynyň Eýranyň halkyna özüniň doganlyk goldawyny beýan edendigi” hem bellenilýär.

Ýatlasak, Türkmenistanyň sil sebäpli Eýrana bildiren duýgudaşlygy Balkan welaýatynyň günorta we günorta-günbatar çäklerine gelen güýçli siliň we suw joşgunynyň fonunda bolup geçýär.

Agyr günde doganlyk kömegi

Eýsem, Türkmenistan silden ejir çeken goňşy Eýrana, munuň bilen bir hatarda demrigazyk Eýranda ýaşaýan etniki türkmenlere nähilidir bir ynsanperwerlik kömegini hödürledimi!?

Häzirki wagtda Ýewropada ýaşaýan asly eýranly aktiwist munuň beýle däldigini aýdýar:

“Gynansak-da halkyň içinde Türkmenistandan bir zat geldi diýen hiç hili gürrüň ýok. Indi halk köp wagtdan bäri Türkmenistandan umydy üzdi. Ilkiler kän umytlary bardy. Ýöne Türkmenistanyň Gyzylýarymaý jemgyýeti diýýär, bilmedim, şulara meňzeş halkara jemgyýetleri bar, ynha, meselem Gyzyl haç jemgyýeti diýýär, beýleki diýýär. Türkmenistan Eýran bilen ilçihananyň üsti bilen hem gatnaşyp dur” diýip, Kor aýtdy.

Türkmenistan tarapdaky sil we suw joşguny

Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna siliň gelmegi, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwunyň basan mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda 18-nji martda giç öýlän başlan çabga we onuň netijeleri barada habar berdi.

“Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň onlarçasyna zeper ýetdi, onlarça maşgala orta mekdepleriniň binalaryna göçürildi we Bereketdäki halkara demirýol stansiýasy ýapyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän habarçysy habar berýär.

Bu wakanyň yzýany, 20-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etdi” diýip, Azatlyk Radiosy 22-nji martda habar berdi.

Demirgazyk Eýrana gelen sil we suw joşmalary
Demirgazyk Eýrana gelen sil we suw joşmalary

26-njy martda Türkmenistanyň Eýrana duýgudaşlyk bildirip, öz ilatynyň üstüne abanan sil joşguny barada dil ýarmaýandygy baradaky sorag bilen 27-nji martda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň bir jogapkär resmisine ýüzlendi.

Ol “ýurtda bolup geçmedik waka barada duýgudaşlyk bildirmegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny” aýdyp, Balkanyň Bereket etrabynda sil joşgunynyň bolandygyny inkär etdi.

Ýatlasak, daşary işler ministrliginiň agzalýan resmisi Ýurduň Gidrometeorologiýa agentliginiň 17-nji ýanwarda Aşgabatda turjak güýçli ýel baradaky çaklamalaryny ministrligiň paýtagtdaky daşary ýurt wekilhanalara habar berip, bu maglumaty halkdan ýaşyrmagyň sebäpleri barada özüne berlen soraga beren jogaby bilen ýatda galypdy.

Ol şonda şeýle howa hadysalarynyň adatydygyny aýdyp, olaryň Ýewropada-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da, Türkmenistanyň goňşularynda-da bolup durýandygy aýdypdy. Onuň sözlerine görä, güýçli ýel Kaliforniýada-da turýar.

Türkmenistandaky howa hadysasy Bereket etraby bilen çäklenmedi. 29-njy martda Azatlyk Radiosy Etrek etrabynyň ýaşaýjylarynyň hem suw joşmalaryndan ejir çekýändigini habar berdi:

“Balkan welaýatynyň Etrek (ozalky Gyzyletrek) etrabynyň ýaşaýjylary sebitdäki suw joşmalary, ýollary we ilatly ýerleri basan sil suwlary zerarly bir hepde bäri gabawda, ýurduň başga ýerlerinden üzňelikde otyr diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär”

Türkmenistanda bloklanan Instagramda raýatlaryň raýdaşlyk duýgulary

Eýran türkmenleriniň ýaşaýan oba-şäherlerinde dörän tebigy betbagtçylyk Türkmenistan türkmenleriniň arasynda öz kowumdaşlaryna garşy duýgudaşlyk we raýdaşlyk duýgularyny oýardymy!? Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, onçakly däl.

Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanyň "at gazanan artisti we medeniýet işgäri" Parahat Amandurdyýew 26-njy martda özüniň Instagram sahypasynda “Türkmensähradaky musulman doganlarymyza allam kömek etsin” diýen ýazgy bilen Türkmensährada silden soň düşürilen bir wideony paýlaşdy.

Döwlet eýeçiligindäki “Watan” habarlar gepleşiginiň ozalky alyp baryjysy Mergen Annamuhammedow onuň aşagyna “Alla ýardam etsin” diýen teswir galdyrdy.

Synçylar bu reaksiýanyň resmi Aşgabadyň “mainstream” hasaplaýan sungat işgärleri üçin adaty däldigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG