Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň resmisi ýerli ilatyň sil suwundan ejir çekendigini inkär edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranda güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi. Bu waka türkmen häkimiýetleriniň we media serişdeleriniň ýurduň Balkan welaýatynda bolan tebigy betbagtçylyk barada kelam agyz söz aýtmaýan mahalyna gabat geldi.

26-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda şeýle diýilýär:

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi”.

Şeýle-de, habarda “iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapynyň Eýranyň halkyna özüniň doganlyk goldawyny beýan edendigi” hem bellenilýär.

Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň Balkana gelen sil barada dymyp, Eýrana gelen silden ejir çekenlere duýgudaşlyk bildirmeginiň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşdy.

27-nji martda Azatlyk Radiosyna anonim şertde maglumat beren ministrligiň jogapkär resmisi özleriniň ýurduň içinde bolup geçen ýagdaýlara däl-de, daşary döwletler bilen bagly meselelerde ýurduň bähbitlerini goramaga jogap berýändiklerini aýtdy.

Galyberse-de, ol “ýurtda bolup geçmedik waka barada duýgudaşlyk bildirmegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny” hem aýdyp, Balkanyň Bereket etrabynda sil joşgunynyň bolandygyny inkär etdi.

“Siziň ýurt içindäki çeşmeleriňiz dogry maglumatlary bermeýärler. Şeýle-de, men sil suwundan kimdir biriniň ejir çekendigini eşitmedim. Onsoňam ýurtda bolup geçen waka barada näme üçin Daşary işler ministrligi maglumat bermeli? Siz bu zatlary ýurduň beýleki jogapkär edaralaryndan soraň” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkär resmisi sözüni jemledi.

Ýatlatsak, mundan ýedi gün ozal Eýranyň türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryny sil suwy basdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy “Radio Fardanyň” Eýranyň häkimiýetlerine salgylanyp, 27-nji martda beren maglumatyna görä, sil joşgunynda häzire çenli 26 adam heläk boldy.

Goňşy Eýranda bolan bu tebigy betbagtçylyk, mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezine we 10-a golaý obasyna sil suwunyň gelmeginiň, onlarça maşgalanyň öz ýaşaýan jaýlaryny terk edip, başga ýere göçmäge mejbur bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

27-nji martda Azatlygyň habarçysy etrapda sil suwunyň netijelerini arassalamak işleri belli bir derejede alnyp barylsa-da, Bereket şäheriniň silden ejir çeken esasy böleginde, ýagny demirgazygynda häzirlikçe hiç zat edilmeýändigini we tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken ýaşaýjylara hiç hili kömek berilmeýändigini habar berdi.

20-nji martda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda sil joşgunynyň bolandygyny tassyklap, “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etdi.

Bu soňky ýyllarda döwlet baştutanynyň ýa-da türkmen resmileriniň ýurtda tebigy betbagtçylygyň bolandygyny resmi derejede tassyklamagy bilen bagly ilkinji waka bolsa-da, onuň nirä we haçan gelendigi, näderejede zyýan ýetirendigi barada resmi taýdan henize çenli ýekeje-de söz aýdylman gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG