29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda berlen maglumata görä, ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi.
“Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Din işleri boýunça bölüminiň wekilleri gatnaşdylar” diýlip, habarda aýdylýar.
Duşuşygyň barşynda taraplar raýat jemgyýetiniň ösüşi, düzediş edaralarynyň meseleleri we tussag astynda saklamagyň şertleri, aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy, adamlaryň ykdysady we sosial hukuklarynyň berjaý edilmegi ýaly meseleler boýunça pikirleri alyşdylar.
Şunuň bilen birlikde kanunyň başda durmagy we kazyýet ulgamynyň özgertmeleri, şol sanda adam hukuklarynyň goragy boýunça döwlet edaralarynyň işleriniň monitoringi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, ministrligiň websaýtynda aýdylýar. Ýöne bu barada jikme-jik maglumat halk köpçüligine ýetirilmeýär.
“Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda ÝB-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ýokarda görkezilen ulgamlar boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça tagallalaryny goldaýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem bu ugurda ýurduň milli hukuk goraýjy edaralarynyň we institutlarynyň işleri ara alnyp maslahatlaşyldy” diýlip, habarda bellenilýär.
Bu duşuşygyň netijeleri barada Ýewropa Bileleşiginiň websaýtynda häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.
Taraplar “Adam hukuklary boýunça Тürkmenistan-ÝB dialogynyň” nobatdaky 12-nji tapgyrynyň 2020-nji ýylda Brýusselde geçirilmegi barada ylalaşdylar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!