Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidentligi ugrundaky ýaryşda Zelenskiýniň we Poroşenkonyň duşuşmagyna garaşylýar


Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý

Syýasata ýaňy goşulan Wolodymyr Zelenskiý 31-nji martda Ukrainada geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanandan soňra, onuň ýurduň prezidentligi ugrundaky ýaryşda häzirki prezident Petro Poroşenko bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ukrainanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy sesleriň 98 prosentinden gowragynyň sanalmagy netijesinde Zelenskiýniň sesleriň 30,24 prosentini we Poroşenkonyň 15,93 prosentini alandygyny mälim etdi.

Öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenko sesleriň 13,39 prosentini alyp, üçünji orunda ýerleşdi. Esasy oppozision kandidat Ýuriý Boýko sesleriň 11,66 prosentini alyp, dördünji boldy.

Öňde baryjy iki dalaşgäriň arasyndaky güýç synanyşygy 21-nji aprelde geçer.

Ukrainler ýurduň Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlere we Moskwanyň ýurduň saldamly bölegini basyp almagyna garşy söweş alyp barýan, gowşak ykdysadyýetden we korrupsiýanyň giňden ýaýramagyndan ejir çekýän mahaly prezident saýlaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG