Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan resmileri: ‘Talybanyň’ hüjüminde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň sekiz agzasy öldi


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň resmileri “Talybanyň” ýurduň demirgazygyndaky Balh welaýatynda ýerleşýän barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etmegi netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň azyndan sekiz agzasynyň ölendigini aýdýarlar.

2-nji aprelde Balh welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Adil Şah Adiliň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, gijäň ýary Şolgara etrabynda bolan ok atyşykda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň başga-da bäş agzasy ýaralandy.

Adiliň bu hüjüme “Talyban” toparynyň jogapkärdigini aýdandygyna garamazdan, wakanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Şolgarada “Talyban” işjeň diýen ýaly hereket edýär we topar bu etrabyň barlag-gözegçilik nokatlarynyň birnäçesine eýýäm hüjüm edipdi.

Adil uzak wagt dowam eden ok atyşykda “Talyban” toparyndan hem ýitgileriň bolandygyny, ýöne onuň anyk sanyny bilmeýändigini hem sözüni üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG