Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda silden ölenleriň resmi sany 70-e ýetdi


Khuzestan welaýatyndaky sil görnüşi

Eýran häkimiýetleri sil howpy abanýan has kän şäher-obalaryň adamlaryny ewakuasiýa etmegi buýurdy, sil netijesinde ölenleriň resmi sany 70-e ýetdi.

Ýurtda 19-njy martdan bäri ýagýan agyr ýagyşlar netijesinde gelen sil Eýranyň 31 welaýatyndan 26-synda ýüzlerçe oba-şäheri süpürip geçdi.

Daglyk ýerde ýerleşýän Lorestan we nebit öndürýän Khuzestan welaýatlarynda, ikisi-de ýurduň günorta-günbatarynda, has güýçli sil geldi.

Eýran TW-si 6-njy aprelde, resmiler esasy derýa bentlerinden suw goýberýän wagtynda, Khuzestan welaýatynyň azyndan alty ýerindäki ilatyň howpsuzrak ýerlere göçürilýändigini habar berdi.

Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan edilen Khuzestanda 400 müňe çenli adamyň sil howpuna sezewar bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy diýip, resmi IRNA habar gullugy habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG