Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermitaž Türkmenistana ekspedisiýa ýollamagy planlaşdyrýar


Ermitaž muzeýiniň öňündäki nobat. Arhiw suraty
Ermitaž muzeýiniň öňündäki nobat. Arhiw suraty

Ermitaž Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýeti öwrenýän taryh instituty bilen bilelikde 2019—njy ýa-da 2020-nji ýylda Türkmenistana hünärmenleri ýollamagy planlaşdyrýar diýip, TASS habar gullugy 9-njy aprelde, muzeýiň baş direktorynyň orunbasary, baş goragçy Swetlana Adaksina salgylanyp habar berdi.

9-njy aprelde Ermitažda arheologiki derňewlere bagyşlanyp geçirilen ýygnakda Merkezi Aziýa we Krym bölüminiň müdiri, Ermitažyň Gündogar bölüminiň uly ylmy işgäri Pawel Lurýe häzirki wagtda muzeýiň hünärmenleriniň Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda hem işleýändiklerini aýtdy.

“Biz Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda nähilem bolsa gazuw işlerini amala aşyrýarys, emma soňky ýyllarda Türkmenistanda işlemedik. Ine, indi, görnüşden, işimizi täzeden başlarys” diýip, Adaksina gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Ermitaž häzir 30 sany arheologik ekspedisiýasy bilen meşgullanýar olaryň 9 sanysy Krymda.

XS
SM
MD
LG