Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Ahal welaýatynda ady näbelli täze şäheriň düýbüni tutdy, oňa sarp ediljek serişdeler nämälim


Täze şäheriň gurluşyk taslamasy. TDH-nyň suraty.
Täze şäheriň gurluşyk taslamasy. TDH-nyň suraty.

10-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan täze şäheriň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet habar agentliginiň maglumatlaryna görä, prezident gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenýändigini aýdypdyr.

“Biz şu gün bütinleý täze şäheriň düýbüni tutýarys. Biz bu işe tarp ýerden başlaýarys” diýip, prezident Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda aýtdy, ýöne oňa sarp ediljek maliýe serişdeleriniň möçberini we çeşmesini agzamady.

Eýsem, bu täze şäheriň gurluşygyna ediljek çykdajylar döwletiň Merkezileşdirilen býujetine degişlimi ýa-da Ahal welaýatynyň ýerli býujetine degişlimi? Bu soraglaryň jogaby nämälimliginde galýar.

Prezident Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilýän şäheriň ýerleşjek ýeriniň taryhy ähmiýetini belledi:

“Bu ýerler taryhy ýerler. Ata-babalarymyzyň ömür sürüp, gurup hem döredip giden mukaddes ýerleri. Biz bu meseläni ýaşulularymyz bilen hem, deputatlarymyz bilen hem maslahatlaşdyk” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Ýatlasak, geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda prezident Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gorjaw” geňeşligine sapar edip, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Ol şonda parlamentiň deputatlaryna ýüzlenip, olardan täze guruljak şäheriň takyk ýerleşjek ýerini welaýatyň ilatyna sala salyp, kesgitlemegi tabşyrypdy.

Şu ýylyň 4-nji martynda prezident Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde täze şäheri gurmak barada karara gol çekip, onuň gurluşygyny 2019 — 2022-nji ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn amala aşyrmagy tabşyrdy.

Täze guruljak şäherde 10 sany çagalar bagyny, 19 sany mekdebi, 400 töweregi ýaşaýyş jaýyny, 2 sany sungat mekdebini, Atçylyk boýunça ýokary okuw jaýyny, medeni binalary, şol sanda sirk we beýleki binalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Media maglumatlaryna görä, täze şäheriň gurluşyk taslamalarynda-da ak mermerden düýpli peýdalanmak planlaşdyrylýar.

Prezident dabarada eden çykyşynda şeýle iri gurluşygyň amala aşyrylmagyny ýurduň “ösen” ykdysadyýetine mysal hökmünde görkezmäge synanyşdy:

“Şeýle giň möçberli taslamalary diňe kuwwatly ykdysady binýady we ösüş mümkinçilikleri bolan döwlet amala aşyryp biler” diýip, prezident aýtdy.

AFP habar agentligi täze şäher barada çap eden habarynda prezidentiň bu çykyşyna degişli Merkezi Aziýa ýurdunda ykdysady krizisiň alamatlarynyň inkär edilmegi hökmünde baha berdi.

“61 ýaşly lider bu Merkezi Aziýa ýurdundaky ykdysady krizisiň alamatlaryny inkär edip, gymmat bahaly taslamanyň gurluşygyna badalga berdi” diýip, AFP ýazýar.

“Döwletimiz mähriban halkymyz üçin hiç wagt serişde gaýgyrmaz” diýip, Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň halky hususan-da ýurduň regionlarynyň ýaşaýjylary indi iki ýyla golaý wagt bäri ýygy-ýygydan un, çörek, ýumurtga, towuk eti we şulara meňzeş beýleki käbir gündelik iýmit önümleriniň döwlet dükanlarynda gytçylygyny, hususy söwdada olaryň gymmatçylygyny başdan geçirip gelýär.

Dabarada eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow düýbi tutulýan şäheriň adyny agzamady, döwlet metbugatynda çykan habarlarda-da şäher üçin göz öňünde tutulýan at barada maglumat berilmeýär.

Ýöne “oňa heniz at dakylmandygynyň özüniň, täze şäheriň Berdimuhamedowyň adyny götermek ähtimallygy baradaky gep-gürrüňlere ýol açmagy mümkin” diýip, 10-njy aprelde AFP habar agentligi täze şäheriň düýbüniň tutulmagy barada Aşgabatdan beren habarynda ýazdy.

Golaýda goňşy Gazagystan paýtagt Astananyň adyna ýurduň öňki prezidenti Nazarbaýewiň adyny dakyp, ony Nur-Sultan atlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG