Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepe metjidiniň ‘owadan görünmegi üçin’ gökdepelileriň jaýlary ýykylýar


Gökdepede gurlan täze jaýlar.
Gökdepede gurlan täze jaýlar.

Gökdepe şäheriniň gündogar bölegindäki, Aşgabat-Türkmenbaşy (Krasnowodsk) awtomobil ýolunyň günortasyndaky hususy jaýlar ýykylýar, jaýyny, emlägini ýitirýän adamlara bolsa, kanun esasynda berilmeli kompensasiýa, öwez puly berilmeýär.

Adamlaryň ata-baba ýaşap oturan ýerinden zor bilen göçürilmeginiň esasy sebäbi, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşmäniň maglumatyna görä, ýokarky ýolbaşçynyň ol jaýlar “Gökdepe metjidiniň görküni gaçyrýar, ýagny onuň owadan görünmegine päsgel berýär” diýen netijä gelmegi bilen bagly.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen gökdepeli ýaşaýjylar edil häzir bu ýerde otuza golaý jaýyň ýykylandygyny, ýene şonça jaýyň ýykyljakdygyny aýtdylar.

Ýoluň ileri tarapyndaky jaýlary Gökdepäniň merkezindäki bazara çenli ýykjaklar” diýip, gökdepeli çeşme gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şondan soň ýoluň gaýra tarapynda demirýol we Gökdepe metjidi galýar, ileri tarapynda bolsa, ýykylan jaýlaryň ýerinde bir hatar, 4-5 sany dört gat jaý saljaklar.

Bu ozal Gökdepäniň günbatar böleginde hem şeýle edildi, ýagny adamlaryň jaýlary ýykylyp, ýerinde köp gatly jaýlar guruldy diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Metjidiň owadan görünmegi üçin” jaýy ýykylan adamlara Isbirden, Ajykäriz obalaryndan mellek ýerleri ýa-da ýykylan jaýlaryň ýerinde 1,5-2 ýyldan taýyn boljak jaýlardan jaý hödürlenýär.

Adamlaryň bir topary obadan beriljek mellek ýerini almaga razy boldy, bir topary dogan-garyndaşynyň ýanyna, ýa ogul-gyzynyň jaýyna göçdi, hatda iki bölünen maşgalalar hem bar, maşgalabaşysy bir oglunyň, aýaly we çagalary ikinji oglunyň jaýyna göçenler-de bar” diýip, Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Ýykylan jaýlaryň ýerinde gurlan jaýlardan jaý alman, obalara göçmäge razy bolanlartäze gurlan kwartiralaryňgoşmaça tölegleriniň özlerine agyr düşjegini aýdýarlar.

Ýöne obadan mellek ýerini alan adamlar, köpüsiniň maşyny ýa motory bolmansoň, iş ýerini ýitirmezlik üçin, gündelik taksi harajatlaryna galýarlar, sebäbi şäher bilen obanyň arasynda kadaly awtobus gatnawlary hem ýok diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdiler.

Jaýyny ýitirenleriň ikinji kynçylygy medisina, saglyk hyzmatlary bilen bagly, sebäbi olar ozalky jaýlaryny, adreslerini ýitirmek bilen, öňki ýüz tutýan maşgala lukmanlaryny hem ýitirýärler.

Şäher ýerindäki jaýlary ýykylyp, oba göçmeli bolan maşgalalara ýene bir agyr düşýän ýagdaý bolsa, täze mekdebe geçýän, täze mugallymlar we klasdaşlar bilen öwrenişmeli bolýan çagalar bilen bagly.

Sebäbi şäher ýerinde, etrap merkezinde ýerleşýän mekdeplerde berilýän bilimiň derejesi oba ýerlerindäki mekdeplerde berilýän bilime garanda “biraz ganymat” hasaplanýar, munuň üstesine obada okuwçy çagalary oba hojalyk işine has kän çekip, gaty heläk edýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran gökdepeli mugallym aýtdy.

Mundanam başga, jaýlary ýykylan adamlar, öz adreslerini, ýaşaýan ýerlerine ýazgylaryny ýitirýärler we täze jaý salynýançalar “propiskasyz” ýaşamaly. Bu ýagdaý täze pasport almaly ýa pasportyny ýitiren adamlar üçin “örän uly kynçylyk döredýär” diýip, jaýy ýykylan gökdepeli diňleýjimizbu meseläni “ýylan ýassanyp ýatan adamyň ýagdaýyna” deňedi.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda on müňlerçe adamyň hususy jaýy ýykyldy we emlägini ýitiren adamlaryň köpüsiniň ýitiren emlägine derek doly bahaly kompensasiýa bilen üpjün edilmändigi aýdylýar.

Raýatlaryň emläk hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy sebäpli Türkmenistan şu ýylyň başynda Ykdysady azatlyk indeksiniň ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda yzdan 12-nji boldy.

XS
SM
MD
LG