Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" nobatdaky ýaz hüjümlerine başlaýandygyny yglan etdi


Talyp söweşijileri. Arhiw suraty

“Talyban” 12-nji aprelde, owganlaryň ýurtdaky 18 ýyllyk urşy soňlamak üçin uly gepleşige taýýarlyk görýändiklerine garamazdan, nobatdaky ýaz hüjümleriniň başlanýandygyny yglan etdi.

Bäş dilde, şol sanda iňlis dilinde çap edilen beýanatda tassyklanylmagyna görä, “Talyban” söweşleri Owganystandaky daşary ýurt güýçleri näçe uzak wagtlap saklanyp galsa, şonça wagtlap dowam etdirer.

Synçylar bu habaryň jeňçi topar tarapyndan her ýyl ýaýaradylýandygyny, şol bir wagtda “Talyban” hüjümleriniň hakykatda hiç wagt, hatda gazaply gyş aýlarynda hemarasynyň uzak kesilmeýändigini belleýärler.

Bu beýanat “Talybanyň” sözçüsiniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi jeňçi toparynyň gepleşiklere gatnaşýan agzalaryny azyndan wagtlaýyn gadaganlyk sanawyndan aýyrdy diýen habarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Sözçi Zabihullah Mujahid 11-nji aprel güni giçlik Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Maşal radiosyna Owgan yslamçy metbugatyna (AIP) Howpsuzlyk geňeşiniň “Talybanyň” Katardaky gepleşik toparynyň gepleşikçileriniň atlaryny gadaganlyk sanawyndan aýrandygyny mälim edendigini aýtdy.

Mujahid başga detallary bermedi. Ýöne AIP talyban çeşmelerine salgylanyp, Howpsuzlyk geňeşiniň bu karary öz hemişelik bäş agzasy bilen maslahatlaşyp kabul edendigini” aýtdy.

“Gadaganlyklar ilkinji tapgyrda dokuz aýlyk ýatyryldy. Emma muňa garamazdan, talyban ýolbaşçylary biraz soň bu möhletiň uzaldyljagy bilen habarly edildi” diýip, Owgan yslamçy metbugaty habar berdi.

Bu habar garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň hem hiç biri oňa bada-bat düşündiriş bermedi.

“Talybanyň” ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili Zalmaý Halylzad bilen gepleşik alyp barýan 14 adamlyk toparyna girýän adamlaryň köpüsiniň ady BMG-niň gadaganlyk sanawynda durýar.

Halylzad “Talyban” gepleşikleri bilen Katarda Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamak tagallalarynyň çäginde duşuşýar.

Owgan hökümeti 11-nji aprelde “Talyban” bilen Katarda 14-nji aprelde başlanmakçy bolan gepleşikleriň bäş gün yza süýşürilendigini aýtdy.

Planlaşdyrylýan duşuşyk Owganystanyň uzak wagtlyk urşuny soňlamaga we soňra ABŞ-nyň bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmagyna tarap ädilen wajyp ädim bolup görünýär.

Kabul özüniň Halylzad bilen talyban toparynyň arasynda geçirilýän gepleşiklere goşulmazlygyndan nägile bolýar. “Talyban” owgan hökümetini Günbatary gurjagy diýip atlandyrýar we olaryň wekilleri bilen resmi gürrüň geçirmekden boýun towlady.

“Talyban” hökümet wekilleri bilen Doha duşuşygynda gepleşjekdigini, emma olary diňe “adaty” owgan hökmünde ykrar etjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG