Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgradda ýene müňlerçe protestçiniň köçä çykmagyna garaşylýar


Serb protestçileri, Belgrad, 23-nji mart.
Serb protestçileri, Belgrad, 23-nji mart.

Guramaçylar Belgradda prezident Aleksandr Wuçiçe garşy guralýan ýygnanyşyklaryň çäginde iň köp adamly protestleriň biriniň bolmagyna garaşýarlar.

13-nji apreldäki demonstrasiýa 30 çemesi oppozision toparyň, syýasy partiýalaryň, aktiwistleriň erkin koalisiýasy tarapyndan gurnalýar we Serbiýanyň beýleki şäherlerinde hem ýörişleriň geçirilmegi planlaşdyryldy.

Serbler dekabrdan bäri her hepde Belgradyň we beýleki şäherleriň köçelerine çykyp, öz sözleri bilen aýdylanda, Wuçiçiň awtokrat dolandyryşyna, ýurtda media çäklendirmeleriniň artmagyna garşy protest bildirýärler.

Demonstrasiýalar dekabrda, çepçi oppozision lider Borko Stefanowiç ýüzi perdeli hüjümçiler tarapyndan gazaply ýenjilenden soň başlandy.

Wuçiç bolsa, “eger siz bäş million bolup çyksaňyz-da, men siziň talaplaryňyza boýun egmerin” diýip, olary ýaňsylady.

Şondan bäri protestçiler, hökümet garşydaşlary her şenbede “Bäş millionyň biri” diýen şygar astynda ýörişe çykýar.

XS
SM
MD
LG