Pakistanyň Kwetta şäherinde 12-nji aprelde bolan ulag partlamasynda azyndan 20 adam öldi, 48 adam ýaralandy diýip, polisiýa aýtdy.
Polisiýanyň başlygy Abdur Razzaq Çeema Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna partlaýjydan doldurylan awtoulagyň Gök bazarynda goýlandygyny aýtdy.
Ölenleriň arasynda iki çaga hem bar, ýedi adam hasshana ýerleşdirildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hüjüm şaýylaryň hazara etniki azlygyny nyşana alana meňzeýär diýip, Çeema aýtdy.
Biraz soň Pakistan “Talybany” diýip bilinýän Kari Hussain güýçleri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?